GENEL

Stambulda Alyşir Nowaýynyň diwanynyň gadymy nusgasy tapyldy

Gündogaryň meşhur alymy Alyşir Nowaýynyň galamyna degişli «Badoýe ul-bidoýa» atly eseriň altynjy nusgasynyň Türkiýede saklanylýandygy mälim boldy. Bu golýazma alymyň özi ýaşap ýörkä, Soltanaly Maşady atly bir şahsyýet tarapyndan göçülipdir.

Çaklamalara görä, bu eser 1485-nji ýylda göçürilen bolmaly. Häzir türk we özbek alymlary bilelikde bu eseri öwrenmäge girişdiler.

Ýeri gelende aýtsak, häzire çenli bu diwanyň bäş nusgasy köpçülige mälimdi. Altynjy nusga eseriň «Stambul nusgasy» diýlip yglan edildi.

Related posts

Azerbaycan’da Türkmenistan Kültür Günleri Düzenlenecek

Türkmen halıları, Bakü’de tanıtılacak

vepa

Donald Trump, C5+1 Zirvesi’nde Orta Asya’nın Stratejik Önemini Övdü