DÜNYA

Şirin durmuşa çykdy, indi…

Türkmenistanda hem birnäçe ýola çykyş edip, türkmen diňleýjileriniň söýgüsini gazanan Özbegistanyň «Perhat ― Şirin» estrada toparynyň Şirini durmuşa çykdy. Ol Özbegistanyň başga bir toparynyň «The Cover Up-yň» wekili aýdymçy Nodir Zoitowyň ömür hemrasy boldy.

«Mundan soň Perhat ― Şirin» dueti öz işini dowam etdirermi?» diýen sowala toparyň prodýuseri Bobur Bobomurod şeýle jogap berdi:

— Şirin ― meniň prodýusserlik eden dördünji gyzym. Onuň bagtyny görüp, bu gün ata ýaly guwanýaryn.

Sowalyňyza gelsek, aýdymçylar bile işleşmegini dowam etdirer. Toparyň hataryna indi Nodir hem goşular. Ol hem zehinli sungat adamsy. Bilelikde ösmegimize ýardam berer.

Related posts

Türkmenistan’ın Tarafsızlığının 25. yıldönümü için web sitesi açıldı

vepa

Türkmenistan’da yeni hukuk enstitüsü kuruldu

vepa

Türkiye Bursları başvuruları başlıyor

vepa