GENEL

Serbiýada halkara syýahatçylyk sergisi işleýär

21-nji fewralda Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde 41-nji Halkara syýahatçylyk sergisi öz işine başlady. Bu gezek ol «Tomus pikir edişiňizden hem ýakynda» diýen şygar bilen geçirilýär. 24-nji fewrala çenli dowam etjek sergä 38 döwletden 650 wekil gatnaşýar.

Bu ýyl Bolgariýa bilen bilelikde geçirilýän serginiň açylyş dabarasyna Bolgariýanyň syýahatçylyk ministri Nikolina Angelkowa hem gatnaşdy.  Geçen ýyl syýahatçylykdan 1,5 milliard dollar girdeji edinen Serbiýadaky bu ýylky sergä 70 müň adamyň gelip görmegine garaşylýar.

Related posts

Türkmen diplomasisinin yeni alanları

vepa

Romanya’nın AB Dönem Başkanlığı’nda Orta Asya önemi

vepa

Türkmenistan ve Tunus Dışişleri Bakanları telefonda görüştü