GENEL

Sazyň gudraty

Paýtagtymyzda ýerleşýän “Aşgabat” kinokonsert merkezinde “Nejep oglan”  dessanynyň esasynda surata düşürilen çeper film ilkinji gezek uly ekranda görkezildi. Täze öwüşginli bu çeper filmiň ilkinji görkeziliş dabarasyna ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen bir hatarda türkmen kino tomaşaçylar hem gatnaşdy.

Bu filme tomaşa etmek arkaly ýurdumyzda kino sungatynyň uly ösüşlere ýetendigini belläp geçmän bolmaýar. Mundan ozal, teatr sahnalarynda hem sahnalaşdyrylan “Nejep oglan” dessanynyň çeper film esasynda surata düşürilmegi milli saz sungatynyň gudratyny halk köpçüligine çeper beýan edilmegine uly mümkinçilik döretdi. Film sazyň gudratynyň nähili derejede güýçlüdigini görkezmegi bilen tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Filmiň dowamynda milli saz guralymyz dutarda çalnan sazlar, aýdylan aýdymlar tomaşaçylary dessandaky döwre gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik döredendigine göz ýetirmek bolar.

Çeper filmiň käbir sahnalary, esasan hem, Nejebiň öweý kakasy Elbent bagşy bilen hanyň köşgündäki dutar çalmak bäsleşigi tomaşaçylary özüne bendi eden bolsa gerek. Mundan başga-da, tomaşaçylar filmiň dowamyndaky käbir gam-gussaly sahnalara tomaşa edip, gözüne ýaş aýlanany duýman galan pursatlarynyň hem bolandygy filmiň näderejede gowy surata düşürilendiginden habar berýär. Filmdäki artistler özüne ynanylan keşpleri örän ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Ýene bir belläp geçilmeli aýratynlyklaryň biri hem, filmiň ýurdumyzdaky dürli medeni we taryhy ýerlerde düşürilmegidir.

Umuman, türkmen dutaryndan çykýan sazyň gudraty bu çeper film arkaly diňe bir onuň baş gahrymany Nejebiň söýgüli gyzy Mylaýyma melhem bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tomaşaçylarda hem uly täsir döredendigini görmek bolýar.

Filmiň gahrymanlary:

Aşyk Aýdyň pir – Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Amangeldiýew

Aşyk Aýdyňyň sopusy – Sahysalyh Baýramow

Nejep – Mekan Amanow (çagalygy)

               Söhbet Annamyradow

Mylaýym han – Mähri Aýdogdyýewa

Elbent bagşy – Döwlet Hanmämmedow

Horezm hany – Şirli Mollaýew

Bellik : Bu filmde Nejep oglanyň keşbini ýerine ýetiren ýigidimiz Söhbet Annamyradow türkmen halkynyň ýatdan çykmajak meşhur bagşysy Mylly Taçmyradowyň ýuwlugydyr.

 Filmi gurnaýjylar:

Edebi esasyny ýazan – Gowşutgeldi Daňatarow

Goýujy kinoreŽissýor – Wepa Işangulyýew

Goýujy kinooperator – Nurmuhammet Borjakow

Goýujy suratkeş – Baýram Patyşagulyýew

KinoreŽissýor – Eziz Işangulyýew

Filmiň gurnaýjysy – Allamyrat Kerimow

Aýşirin ALYÝEWA

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Ýene-de okaň

4. Korkut Ata Türk Dünyası Film Festivali Ödül Töreni Düzenlendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’ın diplomatik misyonlarında basın ataşesi görevi oluşturulacak

Türkmenistan’da kabine değişikliği

TÜRKSOY Kıdemli Memurlar 4. Toplantısı Aşkabat’ta yapıldı

Türk Dünyası Sinema Zirvesi Aşkabat’ta düzenlendi

Birol Güven: Türk dünyası ile ortak filmler üretme projemiz var