GENEL

Şaşka bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Žurnalistleriň arasynda geçirilen şaşka bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi. Küşt-şaşka mekdebiniň mejlisler zalynda bäsleşigiň baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. Dabarada ýaryşyň hormatly myhmanlary, ýagny Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Parahat Agaýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew, şeýle hem “Biznes reklama” gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew dagylar ýeňijilere “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlaryny, “Makul hyzmat” terjime merkeziniň ýörite taýýarlan gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdy.

Şeýlelikde, 

Zenan Žurnalistleriň arasynda:

1-nji orna – Zyba Suhanowa,

2-nji orna – Güljan Durdyýewa,

3-nji orna – Oguljennet Paşşykowa,

Erkek Žurnalistleriň arasynda:

1-nji orna – Rüstem Hojageldiýew,

2-nji orna – Aganyýaz Garýagdyýew,

3-nji orna – Eziz Geldimyradow,

Talyp Žurnalistleriň arasynda:

1-nji orna – Merjen Annaýewa,

2-nji orna – Maral Rozyýewa,

3-nji orna – Leýla Garryýewa mynasyp boldy. 

Baýrak gowşurylyşyk diňe bir ýeňijileri sylaglamak bilen çäklenmedi. Bäsleşige gatnaşan ýüzlerçe Žurnalistleriň ählisine “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň Hormat haty hem-de “Makul hyzmat” terjime merkeziniň taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen Halkının Milli Lideri Özbekistan Cumhurbaşkanı’nı doğum günü ile tebrik etti

Türkmenistan-Özbekistan: e-vize ve ortak turizm rotalarını değerlendiriyor

TOBB Başkanı Hisarcıklıoğlu Türkmenistan Borsa heyetini kabul etti

Türkmenistan Spor Federasyonları resmî internet sitelerini hizmete açtı

Türkmenistan, BM Güvenlik Konseyi’nin 2031–2032 dönemi geçici üyeliğine adaylığını açıkladı

Türkmenistan Devlet Emtia ve Hammadde Borsası Heyeti TÜRİB’de