GENEL

Saglyk ulgamy üçin lukmançylyk enjamlary satyn alnar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Lot № 6 — Merkezi patologik anatomiýa edarasy üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini hem-de barlaghana reaktiwlerini satyn almak.

Lot № 7 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň täze saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 8 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň täze saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 9 — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň täze saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 10 — Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň täze saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 11 — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Dışişleri Bakan Yardımcısı “Yerevan Dialogue 2026” Uluslararası Forumu’na katıldı

Türkmenistan ile İran Dışişleri Bakanı telefonda görüştü

Türkmenistan Büyükelçisi, TOBB Başkanı ile bir araya geldi

Türkmenistan heyeti Bakü’de düzenlenecek 13. Dünya Şehirler Forumu’na katılacak

Türkmenistan, Ahalteke Atlarını Taşkent’teki Dünya Şampiyonası’nda tanıtacak

Türkmen Atları Windsor Kraliyet At Oyunları’na katılacak