GENEL

Sadio Mane Afrikanyň iň gowy futbolçysy saýlandy

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň senegally hüjümçisi Sadio Mane 2019-njy ýyl boýunça Afrika yklymynyň iň gowy futbolçysy saýlandy. Afrikanyň Futbol Konfederasiýasynyň ýylyň iň ökde futbolçylaryna baýrak gowşurylyş dabarasy Müsürde geçirildi.

Yklymyň iň gowy futbolçysy diýen belent ady almak ugrunda Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň senegally hüjümçisi Sadio Mane, Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň müsürli hüjümçisi Mohamed Salah we Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň alŽirli ýarymgoragçysy Riýad Marez basleşdi. Bu bäsleşikde 27 ýaşly Sadio Mane 447 ses, Salah 325 ses we Marez 267 ses aldy.

Mundan ozal, iki ýylda bu baýraga Mohamed Salah eýe bolupdy, 2016-njy ýylda bolsa Riýad Marez Afrikanyň iň gowy futbolçysy bolupdy.

Sadio Mane 2019-njy ýylda “Liwerpul”-yň düzüminde Çempionlar ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny, dünýäniň klublar çempionatyny gazandy. Ol bu toparyň düzüminde şu möwsümde ähli ýaryşlarda 28 duşuşykda oýnap,  15 gezek tapawutlandy we 11 netijeli pas berdi.

Afrikanyň Futbol Konfederasiýasynyň gurnan baýrak gowşurylyş dabarasynyň netijeleri:

– Afrikanyň iň gowy futbolçysy – Sadio Mane

– Afrikanyň iň gowy tälimçisi – Jamel Belmadi (AlŽir milli ýygyndysynyň tälimçisi).

– Afrikanyň iň ýaş futbolçysy – Aşraf Hakimi (häzir Germaniýanyň “Borussiýa” toparynda çykyş edýär).

2019-njy ýylyň simwoliki topary

Derwezeban: Andre Onana («Aýaks», Kamerun).

Goragçylar: SerŽ Orýe («Tottenhem», Kot-d’Iwuar), Žoel Matip (“Liwerpul”, Kamerun), Kalidu Kulibali (“Napoli”, Senegal), Aşraf Hakimi (“Borussiýa”, Marokko).

Ýarymgoragçylar: Idrissa Geýe (“Pari Sen-Žermen”, Senegal), Riýad Marez (“Mançester Siti”, AlŽir), Hakim Zieş (“Aýaks”, Marokko).

Hüjümçiler: Mohamed Salah (“Liwerpul”, Müsür), Pýer-Emerik Obameýang (“Arsenal”, Gabon), Sadio Mane (“Liwerpul”, Senegal).

Ýene-de okaň

Azerbaycan ile Türkmenistan iş birliğinin geliştirilmesini görüştü

Azerbaycan tarafından Türkmenistan’a petrol tankeri hediye edildi

Ata Watan Eserleri

Bakü’de Türkmenistan Cumhurbaşkanı için resmi karşılama töreni düzenlendi

Türkmenistan Cumhurbaşkanı’nın Azerbaycan ziyareti başladı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Azerbaycan’a devlet ziyaretini gerçekleştirecek

PETRONAS yeni anlaşmalarla Türkmenistan’daki 30. yılını kutluyor