DÜNYA

Russiýaly aktýor 100 kilogram horlandy

Russiýaly meşhur aktýor Aleksandr Semçew saglygyna berk gözegçilik etdi-de, 100 kilogram horlanmagy başardy. Şeýlelikde, ol daşky görnüşi boýunça hem tanap bolmaz derejede özgerdi diýip, rus metbugaty ýazýar.

50 ýaşly aktýoryň agramy ozal 190 kilograma ýetýärdi. Indi bolsa ol ozalky agramyndan iki esseden hem gowrak ýeňil.

― Lukmanlar hem elinden gelenini gaýgyrmaz, ýöne horlanmak, esasan, her kimiň özüne baglydyr ― diýip, aktýor munuň sebäbini düşündirýär.

Kärdeşleri onuň Internetdäki suratlaryny görüp geň galdylar. Surata Russiýanyň meşhur sungat wekilleri: «Haýran galaýmaly, bu suratyň kime degişlidigine özümi kynlyk bilen ynandyrdym», «Beýle derejede nädip özgerip bolýanyna haýran galýaryn!», «Bu gudratdan başga zat däl. Tüýs, öwgä mynasyp!» diýen ýaly teswirleri goýdular.

Related posts

“Orta Asya – Rusya” formatında beşinci Dışişleri Bakanları toplantısı

Manisa’da Türkmenistan’ın Tarafsızlık etkinliği

Dr.Döwran Orazgylyjov

Putin, Trump ve Macron’dan Türkmenistan’a kutlama

vepa