GENEL

«Ärtogrulda» çeçenistanly aktýor

Çeçenistan Respublikasynyň ýolbaşçysy Ramzin Kadyrowyň üçünji ogly, 11 ýaşly Adam «Ärtogrul» atly türk köp bölümli filminde surata düşdi. Filmdäki Kadyrowyň surata düşen sahnasy onuň garyndaşy Turpal-Ali Ibragimowyň Instagramdaky hasabynda paýlaşyldy.

― Adam zehini bilen maşgalasyny guwandyrýar. Ol mekdepde hem göreldeli okaýar. Sport bilen hem yzygiderli meşgullanýar. Filmiň surata düşürilýän pursadynda ol reŽissýorlaryň hem uly öwgüsine mynasyp boldy ― diýip, Ibragimow Instagramdaky hasabynda Kadyrowyň oglunyň başarnygyny teswirläpdir. Onuň ýazşyna görä: «Adam Kadyrowlaryň maşgalasynyň mynasyp dowamaty».

Aýdylyşy ýaly, Kadyrowlaryň maşgalasy bu seriala uly gyzyklanma bilen tomaşa edýär. Çeçenistanyň ýolbaşçysy Türkiýä saparynyň çäginde filmiň surata düşürilýän ýerine hem baryp görüpdi.

 

Related posts

Orta Asya+ABD, nadir toprak metalleri alanında ortak projeleri hedefliyor

Türkmenistan bankaları 2022’de 88,5 milyar manat kredi verdi

Türkmenistan Petrolgaz Fuarı ve Konferansı gerçekleşiyor

vepa