GENEL

RoŽdestwo bazary

Öňňun paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň “Delfin” seýilgähinde roŽdestwo mynasybetli Germaniýa döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda sazly şowhunly ”Weihnachts Markt” atly ýarmarka boldy. Ol ýere paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, şeýle hem dürli guramalaryň agzalarydyr işgärleri uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Ýarmarkada esasy süýjülik tagamlary, çaga oýnawaçlary we senetçilik el işleri boldy. Mundan başga-da ýakyn dostlaryňyzdyr, dogan-garyndaşlaryňyza alnyp bolunjak sowgatlyk el işleri hem az bolmady. Diňe bu zatlar bilen çäklenmän, türkmene mahsus el işleri we şaý-seplerinden ýasalan naşyja sowgatlyklar adamlaryň ünsüni özüne çekdi. Dürli-dürli matalardan hem göze ýakymly el işlerine kiçi ýaşdan uly ýaşly adamlar uly gyzklanma bilen hyrydary boldylar. Süýjülik barada aýdanymyzda bolsa, biler bolsaňyz, Germaniýa döwletinde RoŽdestwo güni konditer önümleriniň 46.000 tonnasy satylýar. Bu geçirilen ýarmarka janly sazdyr, aýdymlar bilen bezeldi we tomaşaçylaryň göwnüni galkyndyrdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Galkınış” ulusal atlı oyunları grubu Bakü’de sahne aldı

Türkmenistan ve Azerbaycan Atçılık Alanında İş Birliği Kararı Aldı

Türkmenistan Dışişleri Bakanlığı: 16 ülkeden 200’den fazla vatandaş İran’dan giriş yaptı

Mariya Zaharova: Rus vatandaşlarının tahliyesinde Türkmenistan’ın devasa yardımı var

17 ülkeden 400’den fazla vatandaş Türkmenistan üzerinden İran’dan tahliye edilecek

Tacikistan Cumhurbaşkanı Türkmenistan heyetini kabul etti