2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Rimiň “Fýumiçino” halkara howa menzilinde türkmen Liderini Italiýanyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni halkara howa menzilinden sapar mahalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň kabulhanasy ýerleşen “Rome Kawalýeri” myhmanhanasyna ugrady.
7-nji noýabrda ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy italýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen iş ertirlik naharyna gatnaşdy. Ertirligiň dowamynda italýan kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işini giňeltmek barada konstruktiw söhbetdeşlik geçdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa resmi saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýany bilen diňe döwlet däl-de, eýsem ýurdumyzyň hususy sektorynyň wekillerinden ybarat bolan uly wekiliýet hem gitdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte bilen duşuşdy. Ýurduň Premýer-ministriniň “Kiji” kabulhanasynda geçen duşuşygyň resmi bölümiden soň gepleşikler ikiçäk düzümde, soňra bolsa Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçdi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça özarabähbitli gatnaşyklary geljekde berkitmäge ygrarlydygyny bellediler.
Gepleşikleriň ahyrynda iki ýurduň dürli edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge iterjek, şeýle-de energetika, senagat, ulag, ylym-bilim we beýleki pudaklardaky işini kadalaşdyrýan ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy. Duşuşyk Kwirinal Köşgünde resmi dabara bilen başlandy we dostlukly häsiýetde geçdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky ýokary derejeli hyzmatdaşlygyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler.
Prezidentler halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdiler, şeýle-de, döwrebap meseleleri parahatçylyk ýoly bilen çözmekde daşary syýasy ugurlarynynyň meňzeşligini we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG, ÝB we ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler.
Iki ýurduň baştutanlary nebit-gaz, senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryna seretdiler.
Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidilmeginiň möhümdigini nygtadylar we italýan alymlarynyň gatnaşmagyndaky taryhy we arheologiki barlaglardaky hyzmatdaşlygyň üstünliklerini belläp geçdiler.
Duşuşykdan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan ýokary derejeli myhmanynyň şanyna berlen resmi günortanlyk naharyna gatnaşdy. Soňra döwlet baştutanynyň awtoulag kerweni Rimiň Wenesian meýdanynda ýerleşýän «Altare della Patria» atly ýadygärlikler toplumyna ugrady we ol ýerde döwlet baştutanymyz Näbelli esgeriň ýadygärligine gül çemenini goýdy.
Resmi saparyň meýilnamasyny tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rimiň “Fýumiçino” adyndaky Halkara aeroportyna ugrady we ol ýerden öz watanyna gaýtdy.