DÜNYA

Onýyllygyň iň başarjaň işewüri

«CNBC Global CFO Council» tarapyndan soňky onýyllygyň iň başarjaň işewürini yglan etmek boýunça ses berlişik geçirildi. Noýabr aýynyň ahyryna we şu aýyň başyna geçirilen ses berlişikde sesleriň üçden birini gazanan «Amazon» onlaýn söwda kompaniýasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Žeff Bezos (milliarderleriň bütindünýä sanawynda birinji orunda; mart aýyndaky maglumatlara görä, baýlygy 131 milliard dollar) birinji orny eýeledi.

Ses berlişikde ikinji orna «Alibaba» internet-reteýleriniň esasalandyryjysy, hytaýly işewür Jek Ma mynasyp boldy. Şu ýyl kompaniýasynyň ýolbaşçysy wezipesinden çekilen işewür Hytaýyň milliarderleriniň arasynda birinji orny eýeleýär. Onuň baýlygy 39 milliard dollara golaýlaýar.

Ses berlişigiň üçünji ornunda «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň bilelikdäki ýolbaşçysy Ilon Mask bar. Milliarderleriň bütindünýä sanawynda 40-njy orny eýeleýän Maskyň baýlygy 22,3 milliard dollar.

Ses berlişigiň ýeňijisi bolan Žeff Bezos «Amazon» kompaniýasyny 1994-nji ýylda onlaýn kitap satmak üçin esaslandyrypdy. 25 ýylyň içinde dünýäniň iň iri onlaýn dükanyna öwrülen kompaniýa, görşüňiz ýaly, bu gün diňe bir kitap satmak bilen çäklenmeýär. CNBC-niň ýazmagyna görä, kompaniýanyň girdejileri bu gün diňe bir onlaýn söwda bagly hem däl. Kompaniýa ýyl geçdigiçe hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär.

Ýene-de okaň

Kaliforniya Üniversitesi’nde Türkmen şarkısı “Sana Geldim” yankılandı.

Ata Watan Eserleri

San Francisco’da İlk Kez Düzenlenen Türk Festivali’nde Türkmenistan Tanıtılacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 2 Milyar Dolarlık Yüksek Hızlı Karayolu İnşaatı Başlıyor

Türki Devletleri Teşkilatı Enerji Bakanları Toplantısı Bişkek’te Gerçekleştirildi

Serhetabat-Herat Gaz Boru Hattı 2 Yıl İçinde Tamamlanacak

Türkmenistan’da özel mesleki konuların İngilizce öğretilmesine yönelik mesleki gelişim eğitiminin başlatılması görüşüldü