GENEL

Ömri 10 ýyl uzaltmak üçin

Peýdaly gün tertibi, yzygiderli beden maşklary we sagdyn iýmitlenmek ynsan ömrüni üç ýyla çenli uzaldyp biler. Bu barada Amsterdam we Garward uniwersitetleriniň alymlary aýdýarlar. «British Medical Journal» atly ylmy neşir bolsa olaryň geçiren synagy barada gürrüň berýär.

Geçirilen tejribede 100 müň sanly 50 ýaşly adamyň maglumatlary peýdalanyldy. Ylmy işe girişilende olaryň hiç birinde hem kesel ýokdy. 20 ýylyň dowamynda alymlaryň olaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etdiler. Tejribä gatnaşýan adamlaryň ýolukýan keselleri barada birme-bir maglumat ýygnaldy.

Synagyň netijesinde alymlar temmäkiniň, alkogolyň, ýagy ýa-da süýjini köp iýmegiň, sagdyn iýmitlenmezligiň we sportdan uzak durmagyň ynsan ömrüni kemeldýän närselerdigini tassykladylar.

Şu zatlardan daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän zenanlar ortaça 84,4 ýyl ýaşap bilýärler. Ýöne bulara eýerilmedik ýagdaýynda olaryň ömri 74 ýaşa seýrek ýetýär. Erkeklerde bolsa bu görkeziji 81 we 73 ýaş aralygyndadyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan, Çin’e doğalgaz sevkiyatını artırmayı hedefliyor

“Türkmengaz” ve CNPC, “Galkınış” yatağının geliştirilmesinde dördüncü Aşama için sözleşme imzaladı

Türkmenistan ile Çin sağlık işbirliği arttırıyor

Türkmen-Çin geleneksel Çin tıbbı merkezinin kurulmasına ilişkin mutabakat Zaptı mzalandı

Türkmen halkının Milli Lideri Çin Başbakan Yardımcısı Ding Xuexiang ile görüştü

Ogulcahan Atabayeva Pekin Çin Tıbbı Üniversitesi Rektörü ile görüştü