GENEL

Messiniň 500-nji ýeňşi we 500-nji goly

Ispaniýanyň kubogynyň 1/8 final duşuşygynda «Barselona» topary “Leganes” toparyndan 5:0 hasabynda üstün geldi. Bu duşuşykda “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi bu toparyň köýnekçesi bilen ähli ýaryşlardaky 500-nji ýeňşini baýram etdi. Şeýle hem dünýäniň iň güýçli futbolçylarynyň biri hasaplanýan Messi “Barselona” toparynyň düzüminde oýnan 710 duşuşygynda 500-nji goluny geçirdi. 
“Leganes” topary bilen oýnalan duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Messi Ispaniýanyň futbol çempionatynda, kubok hem-de super kubok ýaryşlaryndaky 500-nji goly bilen öňe saýlandy. Ol Ispaniýanyň futbol taryhynda bu üstünlige ýeten ilkinji futbolçydyr. 

 

Related posts

Tahran ve Aşkabat ilişkileri geliştirmek için ticaret merkezi kuracak

Türkmenistan ile İngiltere münasebetleri telefonda görüşüldü

Ata Watan Eserleri

İhaleler: 600 Milyonluk Dolarlık Önemli İhale

vepa