Gadym wagtlarda Salyh aga diýip bir akyldar ýaşapdyr. Onuň üç sany ogul perzentleri bar eken. Salyh aga bir gün olary bir ýere jemläp :”Eý ogullarym, men sizden adam balasy üçin ömürlik melhem etjek ysyň nämededigini we ony getirip görkezmegiňizi isleýän.”diýip ýüzlenipdir. Ogullary her ýerik dagapdyr. Salyh aga birküç käse çaý içäýinçä perzentleri gelipdir.Uly ogly :Kaka,meniň pikirimçe melhemlik ys gülde, çünki güli ysganyňda şähtiň açylýar we keýpiň durlanýar.”diýip, elindäki güli uzadypdyr. Ortanjy ogly:”Meniň üçin bolsa, topragyň ysy has ýakymly.” diýipdirde, bir gysym topragy uzadypdyr. Körpe oglunyň bolsa elinde hiç zat ýok. Kakasy munuň sebäbini sorapdyr. Ogly:”Eý pederim, meniň pikirimçe dünýäde iň melhemlik ys enäniň ysydyr, sebäbi ol ysy içiňe çekeniňde ýüregiňe we ruhuňa melhem berýär, ysgadygyňça doýup bolanok, soňra bolsa ol ys seniň ömür boýy ýadyňdan çykmaýar. Hawa, doganlarymyňam pikirleri ýalňyş däl, ýöne syn edip görüň, az wagtdan olar ysgalyp taşlanar. Şonuň üçinem ömürlik melhem etjek ys ene ysydyr.”diýipdirde, sözüni jemläpdir.
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Maksat ALYÝEW
Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin
Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==
“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==