GENEL

Mawy Altyn 2019: Global sarp ediş artýar

Global tebigy gaz sarp edilşi geçen ýyl 5,3 göterim artdy. Bugün  halk köpçüligine ýetirilen “BP Statistical Review of World Energy 2019” maglumatnamasynda bellenişine görä, geçen ýyl dünýäde jemi 3 trillion 848 milliard kubmetr tebigy gaz sarp edilipdir.

Geçen ýyl dünýäde sarp edilen tebigy gazyň 21,2 göterimi ABŞ tarapyndan sarp edilipdir. Bu ýurtda geçen ýyl jemi  817 milliard kubmetr tebigy gaz sarp edilipdir. Dünýäniň iň uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolan Russiýada geçen ýyl jemi  454 milliard kubmetr tebigy gaz sarp edilipdir.  Hytaýyň sarp eden tebigy gaz serişdesiniň möçberi bolsa geçen ýyl 283 milliard kubmetre barabar bolupdyr. Hytaý 10 ýyl mundan öň, ýagny 2008-nji ýylda 82 milliard kubmetr tebigy gaz sarp edipdi. Başgaça aýdanymyzda Hytaýyň tebigy gaz bazary soňky 10 ýylda 3,5 esse ösüpdir. Geçen ýyl Eýranyň sarp eden tebigy gazynyň möçberi  225 milliard kubmetre, Ýaponiýanyň bolsa 115 milliard kubmetre barabar bolupdyr.  Türkmenistanda gaz turbinaly elektrik beketleriň sany artýar, şeýle hem, ýurtda senagatlaşmak yzygiderli artýar. Bu bolsa, ýurdymyzda hem tebigy gaz sarp edilişi artýar. Geçen ýyl Türkmenistanda tebigy gaz sarp edilişi hem ýokary derejede artypdyr.

Dr. Döwran Orazgylyjow

turkmenlawyer@turkmenlawyer.com

Ýene-de okaň

Air Belgium, Aşkabat üzerinden kargo taşımacılığı başlatmaya hazırlanıyor

Türkmen halkının Millî Lideri Azerbaycan Cumhurbaşkanı ile telefonda görüştü

Azerbaycan ile Türkmenistan iş birliğinin geliştirilmesini görüştü

Azerbaycan tarafından Türkmenistan’a petrol tankeri hediye edildi

Ata Watan Eserleri

Bakü’de Türkmenistan Cumhurbaşkanı için resmi karşılama töreni düzenlendi

Türkmenistan Cumhurbaşkanı’nın Azerbaycan ziyareti başladı

Ata Watan Eserleri