GENEL

Marafonyň salgysy: Beýik Hytaý diwary

Ýalňyş okamadyňyz. Käbir çeşmelerde aýdylyşy ýaly, hatda älem giňişliginden hem görünýän Beýik Hytaý diwarynda halkara ylgaw marafony geçirildi. Indi birnäçe ýyldan bäri adata öwrülen marafona bu ýyl 67 döwletden bir ýarym müňden gowrak adam gatnaşdy.

Marafonyň şertine görä, türgenler we höwesjeň ylgaýjylar hökmany suratda 5164 basgançagy basyp geçmeli. Şeýlelikde, erkekleriň arasyndaky ýaryşda awstraliýaly Duglas Uilson ýeňiji bolsa. Ol marafonyň şertini 3 sagat 25 minutda berjaý etdi.

Amerikaly Kali Keýwi bolsa zenanlaryň arasynda ýeňiji boldy. Ýaryşyň şertini doly berjaý etmek üçin çempion zenana 4 sagat 12 minut gerek boldy.

Related posts

Petronas’dan, Türkmenistan için önemli proje

Türkmenistan’ın BDT ülkeleriyle ticaret hacmi 2,6 milyar ABD dolarını aştı

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Tokyo’da Orta Asya liderlerinin onuruna düzenlenen törene katıldı