GENEL

Malaýziýada uçýan taksiler işläp başlar

Malaýziýa ýakynda uçýan awtoulagyň önümçiligine girişer. Ýöne ýurduň hususyýetçilik we galkynma ministri Rydwan Ýusufyň aýtmagyna görä, bu önümçilik dünýä döwletleri tarapyndan käbir garşylyklaýyn pikirlere hem sebäp boldy. Şol pikirldir garaýyşlary göz öňünde tutup, ýurduň hökümeti öndüriljek uçýan ulaglary diňe taksi hökmünde ulanmagy meýilleşdirýär.

Häzir Malaýziýada elektroniki taksi hyzmaty işleýär. Ministriň aýtmagyna görä, uçýan taksiler hyzmatyň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Şeýle-de uçýan ulagyň ilkinji nusgalarynyň taýýardygy, olaryň köpçülige şu ýylyň dowamynda görkeziljekdigi hem nygtalýar.

Related posts

Güney Kore Dışişleri Bakanı Türkmenistan’ı ziyaret edecek

Türkmenistan we Özbegistan :Telefon arkaly gepleşik

vepa

Türkmenistan ile Japonya eğitim alanında yeni anlaşmalar imzaladı