GENEL

«Maýkrosoftyň» täze programmasy ýalany ýüze çykarýar

«Maýkrosoft» kompaniýasy tarapyndan öndürilen «News Guard» atly täze programma bize okaýan habarymyzyň hakykata esaslanyp, esaslanmaýandygyny duýdurýar. Habar süzgüjini telefonymyzda ulanmak üçin nähilidir bir ýörite goşmaça programmany ýüklemek zerurlygy ýok. Ol IOS-da hem, Androidde hem hiç bir bökdençsiz işläp bilýär.

Eger okaýan habaryňyz ýalan bolsa, onda programma işläp, ekranyň bir burçunda duýduryş berýär. Eger habar dogry bolsa ýaşyl, ýalan bolsa gyzyl çyrajyk ýanýar. Ol edil wirus süzgüçleri ýaly işleýär.

Related posts

Sungata salnan küşt

vepa

Su Bayramında Yağmur Bereketi

vepa

Türkmen gazına Azerbaycan rotası