DÜNYA

Londondaky awtobuslar näme üçin gyzyl?

«London şäheri» diýlende nämeler göz öňüňize gelýär? Kimdir biri Big-Ben, ýene biri Tauer köprüsi, üçünji biri bolsa meşhur telefon nokatlary diýip biler. Dördünji bir toparyň ýadyna bolsa iki gatly gyzyl reňkli awtobuslar düşäýmegi hem ahmal. Ýerli dilde olar «dabldeker» diýlip atlandyrylýar. Ýöne bu awtobuslar näme üçin gyzyl reňkde we iki gatlyka?

Iri şäherlerde jemgyýetçilik ulaglaryna isleg hem ýokary bolýar. Asyl, Londonda ilkinji jemgyýetçilik ulaglary XIX asyryň 20-nji ýyllarynda peýda bolupdyr. Olar atlaryň kömegi bilen hereketlendirilipdir. Häzirki awtobuslar şolaryň nesilleri hasaplanylýar. Şol awtobuslarda bir wagtyň özünde 15 ― 20 ýolagça hyzmat edip bolýan eken. Wagtyň geçmegi bilen «omnibus» diýlip atlandyrylan şol jemgyýetçilik ulaglarynyň ýeňil hereket etmegi üçin olary ýörite relsleriň üstünde gatnadypdyrlar.

Emma biri-biriniň yzyndan kerwen gurap akyp barýan ýyllar Beýik Britaniýanyň paýtagtynda has köp ýolagçy sygdyrýan awtobuslaryň zerurlygyny ýüze çykardy. Şonuň üçin hem jemgyýetçilik ulaglaryny iki gatly etmek kararyna gelindi. Şeýlelikde, ilkinji iki gatly awtobuslar şäherde 1847-nji ýylda peýda bolup başlaýar. Şondan bäri hem dabldekerler barha kämilleşip, häzirki görnüşine geldi. Näme özgerse-de, onuň iki gatly bolmagy aradan aýrylmady.

Häzir bu awtbuslar «Routmaster» diýlip atlandyrylýar. Bu söz türkmen dilinde «ýoluň hojaýyny» diýmekdir. Awtobusyň gyzyl reňkde bolmagynyň esasy sebäbi bolsa ümür-dumanly howada hem uzakdan gelýän awtobusy saýgaryp bolmak mümkinçiligini berýänligi üçindir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan’ın EXPO 2025 Pavilyonu: Kültür ile Teknolojinin Buluşma Noktası

Türkmenistan’ın EXPO 2025’teki Milli Günü Görkemli Şekilde Kutlandı.

İran Büyükelçisi: İran, Türkmenistan’ın Uluslararası Barış Girişimlerini Destekliyor

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 18 yaş altı kişilerin pamuk işinde çalışmasına yönelik hukuki kısıtlama güçlendirildi

Ata Watan Eserleri

Orta Asya ve AB ülkeleri dışişleri bakan yardımcılarının toplantısı yapıldı

Büyükelçi Demirok: Türkmenistan gazı 1 Mart’tan itibaren Türkiye’ye gelecek

Ata Watan Eserleri