DÜNYA

Älemdaki planetalar köpelýär

Italiýanyň Astrofizika milli institutynyň alymlary Gün ulgamyna ýakyn aralykda «Proxima Centauri» ýyldyzynyň ýanynda ýerleşýän täze planetany ýüze çykardy. Bu hakda «Science Alert» neşiri habar berýär.

Täze planeta ýyldyzyň ýagtylyk tizligini ölçemäge edilen synanyşyk wagtynda ýüze çykaryldy. Ol «Proxima c» diýlip atlandyryldy.

Bu planetada ýaşaýyşyň bardygy ýa ýokdugy barad heniz maglumat ýok. Çünki ol häzirki zaman mümkinçiliklerinden biraz uzakda ýerleşýär. Şeýle-de bolsa onuň buz bilen gurşalan ýa-da wodorod-geliý atmosferasyna eýe bolaýmagy hakynda çaklamalar bar.

 

Related posts

Türkmenistan, Filipinler’e büyükelçi atadı

vepa

Özel sektörden kısa haberler…

vepa

Japon Başbakanı Türkmenistan’ı Olimpiyat madalyası ile tebrik etti

Ata Watan Eserleri