GENEL

Lebap welaýatynda iri gurluşyklar üçin bäsleşik

Lebap welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martyndaky «Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze, döwrebap  şäherçeleri gurmak hakynda» Kararyna hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, aşakdaky binalaryň, desgalaryň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän ygtyýarnamaly, işjeňlik ukyplylygy, şeýle-de kuwwatlylygy ýokary hususy kärhanalary potratçy hökmünde işe çekýändigini habar berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen bildirişde bellenilip geçilýär.

Çärjew şäherçesi boýunça

— 320 orunlyk çagalar bagy;

— etrabyň býujetden maliýeleşdirilýän dolandyryş edaralarynyň binasy;

— şäherçä barýan hem-de şäherçäniňiçerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary;

— şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki ýollary;

— şäherçäniň içerki gaz geçiriji ulgamlary;

— şäherçä barýan içerki elektrik geçiriji ulgamlary;

— şäherçä barýan daşarky elektrik geçiriji ulgamlary we kuwwatlylygy 25000 (110/10kWa) bolan 2 sany transformator bekedi.

Saýat şäherçesi boýunça

— 640 orunlyk iki sany orta mekdep;

— 320 orunlyk iki sany çagalar bagy;

— saglyk merkezi;

— şäherçä barýan daşarky elektrik geçiriji ulgamlary we kuwwatlylygy 25000 (110/10kWa) bolan 2 sany transformator bekedi;

— şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki ýollary;

— şäherçäniň ýangyn howpsuzlyk bölümi;

— şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary;

— şäherçäniň içerki gaz geçiriji ulgamlary;

— şäherçä barýan içerki elektrik geçiriji ulgamlary;

— lagym suwlaryny arassalaýjy desga.

Halaç şäherçesi boýunça

— Halaç etrabynyň täze şäherçesinde 320 orunlyk 2 sany çagalar bagy;

— şäherçä barýan daşarky elektrik geçiriji ulgamlary we kuwwatlylygy 25000 (110/10 kWa) bolan 2 sany transformator bekedi;

— şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki ýollary;

— 640 orunlyk 2 sany orta mekdep;

— şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary;

— şäherçäniň içerki gaz geçiriji ulgamlary;

— şäherçä barýan içerki elektrik geçiriji ulgamlary.

Kerki şäherçesi boýunça

— 640 orunlyk orta mekdep;

— 320 orunlyk çagalar bagy;

— şäherçäniň  geňeşliginiň edara binasy;

— ýangyn howpsuzlyk bölümi;

— agyz suwlaryny arassalaýjy desga;

— lagym suwlaryny arassalaýjy desga;

— şäherçä barýan hem-de şäherçäniňiçerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary;

— şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki ýollary;

— şäherçäniň içerki gaz geçiriji ulgamy;

— şäherçä barýan içerki elektrik geçiriji ulgamlary;

— şäherçä barýan daşarky elektrik geçiriji ulgamlary we kuwwatlylygy 25000 (110/10 kWa) bolan 2 sany transformator bekedi.

Gaýry binalar we desgalar

  1. Dänew etrabynyň(öňki Galkynyş) Dänew şäherçesiniň hassahanasynyň durkuny täzelemek;
  2. Kerki (öňki Atamyrat) etrabynyň Gowak geňeşliginiň Gowak obasynda 160 orunlyk çagalar bagy;
  3. Halaç etrabynyň Esenguly geňeşliginiň Akýap obasynda 500 orunlyk orta mekdep;
  4. Darganata (öňki Birata) etrabynyň Lebap şäherçesinde 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy;
  5. Darganata etrabynyň Gazojak şäherçesiniň Şyharyk obasyndaky 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy;
  6. Halaç etrabynyň (öňki Garabekewül) Lamma geňeşliginiň Çakmak obasyndaky 500 orunlyk orta mekdebiň gurluşygy;
  7. Döwletli etrabynyň Daşrabat geňeşliginiň Güneşli obasynda 600 orunlyk orta mekdebiň gurluşygy;
  8. Türkmenabat şäherinde bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň durkuny täzelemek;
  9. Farap etrabynyň Hojakenepsi geňeşliginiň Hojakenepsi obasynda saglyk merkeziniň durkuny täzelemek;
  10. Çärjew etrabynyň B.Myradow geňeşliginiň B.Mürzäýew obasynda saglyk öýüniň durkuny täzelemek;
  11. Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda saglyk öýüniň durkuny täzelemek;
  12. Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki hassahananyň durkuny täzelemek;
  13. Darganata etrabynyň täze döwrebap şäherçesiniň merkezi bug gazanhanasynyň gurluşygy;
  14. Lebap welaýatynyň Döwlet arhiwiniň binasynyň gurluşygy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 8422-3-20-47, 3-00-41.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

Ýene-de okaň

Yılın Kelimesi: Makul Sözlük ile 1000 Manat Kazanma Şansı!

Aşkabat “Orta Asya + ASEAN” formatının oluşturulmasını öneriyor

TEKNOFEST KKTC Teknoloji Yarışmaları İçin Başvurular BAŞLADI!

Aşkabat Hayvanat Bahçesi, EARAZA’ya üye oldu

Türkmenistan ile Malezya üniversiteleri işbirliği konusunda anlaştı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan, ERASMUS+ çerçevesinde işbirliğini arttıracak