GENEL

Küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi

Sport we ýaşlar syýasatyny wagyz etmek maksady bilen Küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Bu ýaryş noýabr aýynyň 26-syndan dekabr aýynyň 6-sy aralygynda küşt boýunça aýlaw usulda jemi 13 tapgyrda oýunlar geçirildi.

Täk ýaşlarda (7, 9, 11, 13, 15, we 17) ilkinji gezek guralan birinjilige tutuş ýurdumyz boýunça 168 türgenleriň bäsleşmekleri ýaryşyň has-da çekeleşikli geçmegine getirdi.

Birinjilige III dereje we ondan ýokary küştçi oglan-gyzlaryň gatnaşmagy, FIDE-niň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi bolsa bir-birekden öwrenmäge köp zat boljakdygyny görkezýär.

Şeýlelikde, 7 ýaşly gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň türgeni Läle Muradowa, oglanlaryň arasynda Rahman Orunbaýew birinji ýere eýe boldy. 9 ýaşly türgenleriň arasynda Ahal welaýatyndan Oguljeren Saparowa, Lebap welaýatyndan gelen Aýbek Sunnetullaýew garşydaşlaryndan tapawutlanyp altyn medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň  birinjiliginde esasy çekeleşikli geçen ýaryşlaryň biri hem 11 ýaşly türgenleriň arasynda boldy. Gyzlaryň arasynda bäsdeşlerinden saýlanmagy başaran Leýla Şöhradowa, oglanlardan Şageldi Kurbandurdyýew altyn medalyň eýesi boldy. 13 ýaşlylaryň arasyndaky toparda hem lebaply türgenler Lala Şöhradowa hem-de Wepaly Halniýazow hormat münberiniň birinji gatyna çykdylar.

Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň türgeni Merjen Batyrowa, Mary welaýatyndan gelen Muhammet Ezizow 15 ýaşly türgenleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini eýelediler.

Şu birinjilikdäki iň uly ýaşlylaryň (17 ýaş) arasynda FIDE-niň ussady Annagözel Mekanowa altyn medala mynasyp boldy. Ol Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiniň 10-njy synp okuwçysydyr. Şol ýaşda oglanlardan Azat Nurmämmedow bäsdeşlerinden tapawutlanmagy başardy.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň bilelikde guran ýaryşynda ýeňijilere hormat hatlary hem-de “Aýbölek mebel” hususy kärhanasynyň taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Orta Doğu’da gerilimin azaltılması çağrısında bulundu

Aşkabat, dünya enerjisinin siyasetten arındırılmasını savundu

Azerbaycan ile Türkmenistan eğitim alanında iş birliğini görüştü

Rusya Büyükelçisi: Rusya, kozmonot eğitimi konusunda Türkmenistan ile iş birliğine hazır

“Makul Dil Kılavuzu” ABD Kongre Kütüphanesi kataloguna girdi

İlk Orta Asya–Kore Cumhuriyeti Zirvesi için hazırlıklar Seul’de ele alındı