GENEL

Kompýuteriň kwant ýady

Beýik Britaniýanyň Lankaster uniwersitetiniň alymlary tarapyndan energiýany örän az mukdarda sarp edýän kompýuteriň kwant ýady işlenip düzüldi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýty habar berýär.

Häzir bu işe ýörite ygtyýarnama almagy meýilleşdirýän alymlar täze ýadyň häzir ulanylýan dinamiki ýatly DRAM gurluşlary we elektron maglumat göterijileri taryha iberjekdigine ynanýarlar. Täze ýada ozalkylara görä maglumatlary has çalt ýükläp we okap bolar. Galyberse, ol maglumatlaryň ygtybarlylygyny hem güýçlendirýär.

Kwant ýadyň esasy aýratynlygy näme? Siziň oňa ýüklän maglumatlaryňyz şeýle bir ygtybarly durar welin, onuň dowamlylygy bakylyk derejesine çenli uzar. Başgaça aýtsak, dünýe dursa, siziň maglumatlaryňyz hem ygtybarly şekilde durar.

Kwant ýady energiýany ozalkylardan 20 esse az sarp eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan ile İran Dışişleri Bakanı telefonda görüştü

Türkmenistan Büyükelçisi, TOBB Başkanı ile bir araya geldi

Türkmenistan heyeti Bakü’de düzenlenecek 13. Dünya Şehirler Forumu’na katılacak

Türkmenistan, Ahalteke Atlarını Taşkent’teki Dünya Şampiyonası’nda tanıtacak

Türkmen Atları Windsor Kraliyet At Oyunları’na katılacak

Türkmen halkının Milli Lideri “Rusya – İslam Dünyası: KazanForum” forumuna katılacak