DÜNYA

Kaktusdan gaýyş ýasadylar

Meksikaly iki ýigidiň oýlap tapyşynyň biziň ýaşaýyşymyzy belli bir derejede özgerdäýmegi hem ahmal. Olaryň pikirine görä, gündelik hajatlar üçin zerur bolan gaýyş materiallaryň ýa-da plassmas enjamlarynyň ornuny başga bir tebigy önüm bilen çalşyp bolar. Eger haýwanlaryň derilerinden taýýarlanýan gaýyşlardyr plastik gaplaryň topraga garylyp, ýok bolup gitmegi üçin onlarça ýyl gerek bolsa, olaryň salgy berilýän usulyny ulanmak diňe biziň üçin däl, tebigat ― ekologiýa üçin hem ähmiýetli bolardy. Çünki kaktusdan ýasalan önümler wagty geçip zyňaýanyňda hem topraga basym garylyp, zerur döküne öwrülip bilýär.

«Healthy Food House» neşiriniň ýazmagyna görä, meksikaly oýlap tapyjylar Adrian Lopez Welarde bilen Marte Karazes Dessertoni nopal kaktusyndan gaýyş taýýarladylar. Bu gaýyş haýwan derilerini ulanmak zerurlygyny aradan aýryp biler.

Tutuşlygyna biologik garyndylardan taýýarlanan gaýyş tehniki talaplara hem doly laýyk gelýär. Olaryň çydamlylygy azyndan 10 ýyla ýeter diýlip habarda aýdylýar.

Oýlap tapyjylar täze önüm üçin nopal kaktusyny saýlap almaklarynyň hem sebäbini düşündirdiler. Olaryň aýtmagyna görä, birinjiden, bu ösümlik Meksikada bol, ikinjiden, ony ösdürmek üçin köp suwuň geregi ýok.

Ýene-de okaň

Türkmenistan’ın EXPO 2025 Pavilyonu: Kültür ile Teknolojinin Buluşma Noktası

Türkmenistan’ın EXPO 2025’teki Milli Günü Görkemli Şekilde Kutlandı.

İran Büyükelçisi: İran, Türkmenistan’ın Uluslararası Barış Girişimlerini Destekliyor

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 18 yaş altı kişilerin pamuk işinde çalışmasına yönelik hukuki kısıtlama güçlendirildi

Ata Watan Eserleri

Orta Asya ve AB ülkeleri dışişleri bakan yardımcılarının toplantısı yapıldı

Büyükelçi Demirok: Türkmenistan gazı 1 Mart’tan itibaren Türkiye’ye gelecek

Ata Watan Eserleri