GENEL

Ispaniýa kömürden daşlaşar

Ispaniýa Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup, kömür ulanmakdan daşda durmagy meýilleşdirýär. Ýurtda çig mal hökmünde kömür ulanylýan elektrik beketleriniň öndürýän elektrik energiýasyndan dolulygyna daşlaşmagy göz öňünde tutýar.

«Business Insider» internet neşiriniň habar bermegine görä, soňky 40 ýylyň dowamynda kömürden peýdalanylýan elektrik beketleriniň önümçilik paýy 5 göterime çenli azaldyldy. 2025-nji ýylda diňe bir sany kömürli elektrik bekedi galar, 2027-nji ýylda bolsa ony hem ulanyşdan galdyrmak göz öňünde tutulýar.

Ispaniýanyň täze hökümeti 2021-2030-njy ýyllar üçin howanyň üýtgemegi we energetika maksatnamalaryna täzeden seredip,  Gün panelleri arkaly elektrik önümçiligini 2,3 GWt-dan 39,2 GWt-a çenli ýokarlandyrmagy maksat edindi.

Ýurtda 2019-njy ýylda elektrik energiýasynyň 38 göterimi alternatiw energiýa çeşmelerinden öndürildi. 2030-njy ýyla çenli bu önümçilik görkezijisini 74 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Taşkent’te “Orta Asya-Kore Cumhuriyeti” Zirvesi hazırlıkları ele alındı

Türkmenistan AB ve Orta Asya’nın Afganistan konulu toplantısına katıldı

Türkmenistan Cumhurbaşkanı’nın Azerbaycan’ı ziyareti planlanıyor

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Donald Trump’ın doğum gününü kutladı

İran Dışişleri Bakan Yardımcısı’nın Aşkabat’a ziyareti

Malezya Başbakanı Türkmenistan’a resmi ziyaret gerçekleştirecek