Işçi (WP) wizasyny we iş rugsatnamasyny resmileşdirmek üçin:
1) Daşary ýurt raýatyna işçi (WP) wizasyny we iş rugsatnamasyny resmileşdirmek üçin ýüztutma, 3 nusgada;
2) Daşary ýurt raýatyna işçi (WP) wizasyny we iş rugsatnamasyny resmileşdirmek üçin ýüz tutulýan daşary ýurt raýatlarynyň sanawy, 3 nusgada;
3) daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanda kabul edýän ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýa-da beýleki edaralar bilen baglaşan şertnamalaryny durmuşa geçirmek üçin, daşary ýurt raýatlaryny çagyran ýagdaýynda ýüztutmanyň ýanyna degişlilikde şertnamany baglaşan ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýa-da beýleki edaralaryň ýolbaşçysynyň towakganamasy ýa-da şol daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanda bolmagy hakyndaky meseläniň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagyny tassyklaýan resminamalar;
4) daşary ýurt raýatynyň çagyrylmagynyň maksadalaýyklygyny görkezmek bilen, daşary ýurt raýatyna Işçi (WP) wizasyny we iş rugsatnamasyny resmileşdirmek üçin olary Türkmenistanda kabul edýän ýuridik şahsyň ýa-da telekeçilik bilen meşgullanýan fiziki şahsyň ýerine ýetirýän işi barada maglumat;
5) daşary ýurt raýatynyň hakyky daşary ýurt pasportynyň nusgasy;
6) adamyň immunýetmezçilik wirusynyň döredýän dowamly ýokanç keseliniň (AIW ýokanjynyň) ýokdugy barada Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan tassyklanan resminama (kepilnama);
7) çagyryjy tarap bilen çagyrylýan daşary ýurt raýatynyň arasyndaky zähmet şertnamasynyň nusgasy (aýratyn halatlarda wezipesini tassyklaýan resminama talap edilýär);
8) Daşary ýurt raýatyna işçi (WP) wizasyny we iş rugsatnamasyny resmileşdirmek üçin talap edilýän Daşary ýurt raýatlaryň Türkmenistanda ýaşamagynyň şertlerini üpjün etmek barada borçnama;
9) daşary ýurt raýatynyň iş berijiniň möhüri bilen tassyklanan bilimini tassyklaýan resminamanyň göçürmesi we terjimesi (şol bir daşary ýurt raýatynyň wiza uzaltmak, bir iş berijiden beýleki iş berijä geçirmek, iş rugsatnamada görkezilen hünärini (wezipesini) üýtgetmek üçin gaýtadan talap edilmeýär);
10) daşary ýurt raýatynyň iş rugsatnamasynyň nusgasy (bir iş berijiden beýleki iş berijä geçirmek we iş rugsatnamada görkezilen hünärini (wezipesini) üýtgetmek üçin iş rugsatnamanyň asyl nusgasy talap edilýär);
11) daşary ýurt raýatynyň iş rugsatnamasyny bir iş berijiden beýleki iş berijä geçirmek üçin öňki iş berijiniň ylalaşyk haty;
12) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda tassyklanan daşary ýurt raýatyny Türkmenistanda kabul edýän ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamalarynyň, hususy telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasynyň, hususy telekeçi tarapyndan bellenilen patent töleginiň tölenendigine şaýatlyk edýän patentiniň, şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamasynyň, işiň ygtyýarlandyrylmaga degişli görnüşini amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar üçin degişli ygtyýarnamasynyň we baglaşan şertnamalarynyň nusgalary (ýuridik şahs ýa-da hususy telekeçi birinji gezek ýüz tutanda, esaslandyryş (bellige alyş) resminamalaryň möhletleri tamamlananda ýa-da olara üýtgetmeler girizilen ýagdaýlarynda talap edilýär);
13) daşary ýurt raýatyna işçi (WP) wizasyny we iş rugsatnamasyny resmileşdirmek üçin kärhananyň ýa-da telekeçiniň işgärleriniň sany we göterim gatnaşygy barada maglumat (A);
14) daşary ýurt raýatyna işçi (WP) wizasyny we iş rugsatnamasyny resmileşdirmek üçin kärhanada ýa-da telekeçide işleýän daşary ýurt raýatlary barada maglumat (B);
15) daşary ýurt raýatyna işçi (WP) wizasyny we iş rugsatnamasyny resmileşdirmek üçin kärhanada ýa-da hususy telekeçide işleýän Türkmenistanyň raýatlary barada maglumat (Ç) (kärhana ýa-da hususy telekeçi birinji gezek ýüz tutanda we göterim gatnaşygy üýtgän ýagdaýynda talap edilýär);
16) ýüz tutýan tarapyň ygtyýarly edilen wezipeli adamy tarapyndan wiza işleri boýunça ygtyýarly wekiline berýän ynanç haty (kärhana ýa-da hususy telekeçi birinji gezek ýüz tutanda, ynanç hatynyň möhleti tamamlananda ýa-da üýtgetmeler girizilen ýagdaýlarynda) talap edilýär.
Daşary ýurt raýatynyň iş rugsatnamasynyň möhletine görä çakylyk resmileşdirmek ýa-da wizasyny uzaltmak üçin ýüz tutulanda 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 10-njy bentlerde görkezilenler talap edilýär.
www.migration.gov.tm