GENEL

Internet Banking – wagtyňy tygşytlaýar

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky öz müşderileri üçin Internet banking hyzmatyny hödürleýär.

Eger-de siz Internet banking hyzmatyny öz kompýuterleriňizde ýa-da telefonlaryňyzda birikdirseňiz “Rysgal” bankynyň birnäçe hyzmatlaryndan  banka barmazdan peýdalanyp bilersiňiz.

Internet Banking hyzmatynyň üsti bilen şu aşakdaky hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz:

  • Müşderiniň öz hasaplarynyň arasynda serişdeleriň geçirilmegi;
  • Bankyň müşderilerine, şeýle hem beýleki müşderilerine adaty tölegleriň geçirilmegi;
  • Adatça köp ulanylýan töleg tabşyryklarynyň görnüşleriniň nusgasyny hem-de şol nusgalaryň esasynda töleg tabşyryklaryny döretmek;
  • Işleşýän taraplaryňyzyň atlarynyň, salgylarynyň, hasaplarynyň we ş.m. maglumatlaryň maglumatnamasyny (sprawoçnigini) ýöretmek;
  • Müşderiniň öz hasaplary boýunça galyndylaryny we hereketlerini görmek we çap etmek;
  • Karzlaryň töleg tertibini görmek;
  • Bank tarapyndan iberilýän habarnamalary almak;
  • Bank bilen habarlaşmak, sorag-jogap almak;
  • Daşary ýurt pullarynyň möçberini görmek;

Bu hyzmatdan nähili peýdalanyp bolar?                  

  • Bankyň müşderisi bolmaly
  • Bankyň resmi saýtynda (rysgalbank.com.tm) ýerleşdirilen “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynda ýuridik şahslara we hususy telekeçilere menzilara bank hyzmatlaryny bermek hakynda Düzgünnama” (offerta çakylyk) bilen tanyşmaly we degişli formalary dolduryp, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna tabşyrmaly.

Giňişleýin maglumat üçin: www.rysgalbank.com.tm

Ýene-de okaň

Aşkabat’ta Uluslararası Çince Günü Kutlandı

Azerbaycan ve Orta Asya ülkeleri iklim konusunda ortak bildiri kabul etti

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Kazakistan’da

Rusya ile Türkmenistan kara metal üretimi için çalışıyor

Türkmenistan Orta Asya-Rusya Sanayi Bakanları’nın ilk toplantısına katıldı

TÜRKSOY’un Molla Nasreddin filminin çekimleri Türkmenistan’da yapıldı