GENEL

Iň gadymy merwerit daşy

Merwerit daşyny gördüňizmi? Köpiňiz bu daş barada diňe eşiden bolsaňyz gerek. Ýöne onuň iň gymmatbaha daşlaryň biridigini hemmäňiz bilýänsiňiz.

Ýakynda dünýäniň iň gadymy merwerit daşy Birleşen Arap Emirlikleriniň «Luwr» muzeýine getirildi. Ol «Şöhratyň 10 müň ýyly» atly wagtlaýyn sergide köpçülige görkeziler.

Diametri 2,5 millimetre barabar daşyň taryhy 8 müň ýyllyga çenli uzaýar. Köpçülik bu gadymy we gymmatly daşy diňe şu ýylyň 30-njy oktýabryndan 18-nji fewralyna çenli synlap biler.

Bu gadymy daş Marawa adasyndan tapyldy. Ol şeýh Zaidiň milli muzeýiniň iň gymmatly ýadygärlikleriniň biridir. Abu-Dabidaky «Luwri» muzeýi bolsa 2017-nji ýylda açylyp, ol BAE-däki ilkinji uniwersal muzeý hasaplanylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Kazakistan’da

Rusya ile Türkmenistan kara metal üretimi için çalışıyor

Türkmenistan Orta Asya-Rusya Sanayi Bakanları’nın ilk toplantısına katıldı

TÜRKSOY’un Molla Nasreddin filminin çekimleri Türkmenistan’da yapıldı

Türkmenistan Dışişleri Bakanı ile İran Yol ve Şehircilik Bakanı telefonda görüştü

Türkmen Atasözleri Amerika’da İngilizce Olarak Yayımlandı

Dr.Döwran Orazgylyjov