DÜNYA

Hytaýa 20 ýurt kömek iberdi, BSGG-a 615 million dollar gerek

Dünýäniň 20-den gowrak ýurdy Hytaý Halk Respublikasyna koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen ynsanperwer kömegi iberdi. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Hua Çunin habar berdi.

– 5-nji fewral gününiň ýagdaýyna görä, 21 ýurtdan wirusyň öňüni almak üçin peýdalanylmaga niýetlenen serişdeler gelip gowuşdy. Ynsanperwer kömegini iberen ýurtlar: Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Tailand, Malaýziýa, Indoneziýa, Gazagystan, Pakistan, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Wengriýa, Belarus, Türkiýe, Eýran, BAE, Alžir, Müsür, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Trinidad we Tobago, şeýle hem ÝUNESEF – diýip, diplomat belläp geçdi.

Şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) hem dünýä jemgyýetçiligini bu wirusa garşy göreşmäge çagyryp, onuň garşysyna ulanyljak derman serişdelerini taýýarlamak hem-de synag etmek üçin 615 million dollar möçberinde maliýe serişdesine zerurlygyň bardygyny mälim etdi. Britan alymlarynyň taýýarlan dermanlary synag üçin taýýar edildi. Şeýle hem başga-da birnäçe ýurtda derman serişdelerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

BSGG-niň Baş direktory Tedros Adanom Gebreisus maliýe serişdeleriniň 60 millionynyň guramasynyň işlerine, galan böleginiň  kömege mätäç ýurtlara iberiljekdigini mälim etdi.

Related posts

Türkiýe Respublikasynyň Täze Bellenen Ilçisi Bilen Duşuşyk

vepa

BM’den Türkmenistan’a büyük destek

vepa

Türkmenistan Tokyo Olimpiyatları’nda temsil edilecek

Ata Watan Eserleri