GENEL

Hususy wizalar boýunça hasaba almak üçin resminamalar

1. Hususy wizalar boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin şu resminamalar talap edilýär:

a)     daşary ýurt raýatynyň bellenen görnüşdäki şahsy arzasy;

b)    1(bir) sany reňkli fotosurat (3x4sm möçberde);

c)     daşary ýurt raýatynyň pasporty (ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminama);

d)    çagyrýan şahsy tarapyň pasportynyň nusgasy;

e)     daşary ýurt raýatyna hususy wiza telegramma esasynda resmileşdirilen bolsa, telegrammanyň nusgasy;

f)      daşary ýurt raýatyna hususy wiza Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna ýa-da konsullyk edaralaryna ýüztutmasy esasynda resmileşdirilen we Türkmenistanyň çäklerinde kabul ediji tarap ýok bolsa, bolýan ýeri barada resminamalar.

 

2. Bejeriş maksatly wizalar boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin şu resminamalar talap edilýär:

a)     daşary ýurt raýatynyň bellenen görnüşdäki şahsy arzasy;

b)    1(bir) sany reňkli fotosurat (3x4sm möçberde);

c)     daşary ýurt raýatynyň pasporty (ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminama);

d)    eger daşary ýurt raýatyna bejeriş maksatly wiza Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna ýa-da konsullyk edaralaryna ýüztutmasy esasynda resmileşdirilen we Türkmenistanyň çäklerinde kabul ediji tarap ýok bolsa, bolýan ýeri barada resminamalar.

e)     Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan daşary ýurt raýatyna berlen ýarawsyzlygy barada resminama.

 

3Sürüjilik wizasy boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin şu resminamalar talap edilýär:

kabul ediji tarapyň bellenen görnüşde ýüztutma haty;

a)     1 (bir) sany reňkli fotosurat (3x4sm möçberde);

b)    “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň berýän bir gezekleýin rugsatnamasynyň nusgasy;

c)     Haryt ulag resminamasynyň nusgasy;

d)    sürüjilik şahadatnamasynyň nusgasy;

e)     awtoulag serişdeleriniň tehniki pasportynyň nusgasy;

f)      daşary ýurt raýatynyň pasporty (ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminama);

g)     kabul ediji tarapyň wekiliniň ynanç haty.

     Aýratyn halatlarda sürüji şahsy arzasy ýa-da awtoulag serişdesiniň durýan awtoduralgasynyň ýüztutmasy esasynda hasaba alnyp bilner.

 

4. Üstaşyr geçmek üçin wiza esasynda Türkmenistana gelen we ýurduň çäginde giren gününi hasaplamazdan, 5 (bäş) günden köp bolýan daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin şu resminamalar talap edilýär:

a)     daşary ýurt raýatynyň bellenen görnüşdäki şahsy arzasy;

b)    1 (bir) sany reňkli fotosurat (3x4sm möçberde);

c)     daşary ýurt raýatynyň pasporty (ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminama).

Daşary ýurt raýatyna wiza Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna ýa-da konsullyk edaralaryna ýüztutmasy esasynda resmileşdirilen bolsa, çakylyk hatynyň nusgasy talap edilmeýär.

Gitmek üçin wiza resmileşdirilen daşary ýurt raýatlary hasaba alynmaga degişli däldir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Turkmentravel 2026 Fuarı’na ev sahipliği yaptı

Nadir Alparslan: Türkiye ve Türkmenistan İpek Yolu’nu yeniden canlandırıyor

Türkmenistan Bilim ve Teknoloji Kalkınma Komisyonu üyeliğine seçildi

“Türkmenistan” Havayolları Kazan-Aşkabat uçak bileti fiyatlarında indirime gitti

Türkmenistan Devlet Başkanı Irak’ın yeni seçilen Cumhurbaşkanı’nı tebrik etti

Xi Jinping’in Özel Temsilcisi, Galkynış Doğalgaz Sahası 4. Aşamasının Temel Atma Törenine Katılacak