DÜNYA

Hindi filmine Italiýada ýokary baha

Bolliwudyň dünýä belli ýyldyzy Rani Mukerjiniň surata düşüren we baş keşbi ýerine ýetiren «Hiç zat» atly täze çeper filmi gysga wagtyň içinde bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Filmdäki keşpleriň aglabasyny çagalar ýerine ýetirýär.

Ýakynda bu täze film Italiýada geçirilýän Giffoni kinofestiwalynda iň gowy film üçin goýlan ýörite baýraga mynasyp boldy.

«Hiç zat» diýlip atlandyrylýan bu film stereotiplere garşy göreş barada söz açýar. Filmiň mazmunynda maksada okgunly göreş bilen ynsan oglunyň dünýäniň iň agyr dertlerini hem ýeňip biljekdigi görkezilýär. Şeýle hem kinohünärmenler bu filmiň tomaşaçynyň dünýägaraýyşyny özgerdýändigini aýdýarlar.

Related posts

Türkmenistan Dışişleri Bakanı, AGİT Genel Sekreteri ile görüştü

ABD ve Orta Asya Dışişleri Bakanları toplantısı

Ata Watan Eserleri

Summit of the Heads of States Council of the CIS held in Ashgabat

vepa