GENEL

Hat

“Salam, dostum, ýagdaýlaryň nähili,

Ejeň, kakaň, maşgalaňyz gowumy?

Şowhun bilen sowduňyzmy, sag-aman,

Aradaky iniňiziň toýuny?

 

Aý, meniňkem näsaglaryň haly-da,

Bir görseň-ä gowy, bir görseň erbet,

Men-ä, walla, dermandanam ýadadym.

(Şoňa baglydygmam çekdirýär ezýet)

 

Aramyzyň uzaklygna garaman,

Gaýta-gaýta gelýäň sormaga halym…

Men bolsa diýipdim, birmahal saňa:

“Men sensizem öz başymy çararyn!”

 

“Unut geçenleri men-ä unutdym!”

Diýseňem geçmişi undup bilmedim,

Ah, dostum, bir pursat lezzet berse-de,

Sütem berýär halym sorap gelmegiň…

 

Geleňde, bir pursat giňeýär dünýäm,

Gubarly ýüregim barkaň gysanok.

Ýöne saňa edenlerimden ýaňa,

“Sag bol!” diýmäge-de bognum ysanok.

 

Eden dönükligmi bagyşlap bilmän,

Näletden gursagym baglady gemre

Maňa düşünýänsiň, (öňem düşerdiň…)

Haýyş edýän, dostum, yzymdan gelme!”

 

Şeý diýdi-de, sojap-sojap dem aldy,

Gözýaşlary çykdy dertleň kastyna.

Soňam, hassa ýüzün berip aglady,

Keselhanaň ysy siňen ýassyga.

 

Gurbanmyrat Meredow

 

Related posts

BDT Ekonomik Konseyi’nin 81. toplantısı yapıldı

vepa

Aşkabat’ta Medya Formu yapılacak

vepa

Irak Cumhuriyeti Cumhurbaşkanı Aşkabat’a geldi