GENEL

Halkara forum geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda “Halkara sport güni – parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna” atly halkara forum geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary P.Agaýew alyp bardy.  TMSweSI-niň prorektory G.Sähedow giriş sözi bilen başlan forumda ýene-de birnäçe ýolbaşçylar çykyş etdiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirijisi Natia Naswlişwili, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň başlygynyň orunbasary Filipp Sapryki, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň esasy hünärmeni G.Kasymow, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy R.Çaryýew, Türkmenistanyň Milli welosport tehniki merkeziniň direktory W.Zasepi, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby, sportuň sambo görnüşi boýunça Türkmenistanyň sport ussady A.Annasähedow dagylar hem öz çykyşynda ýurdumyzyň sport ulgamyndaky gazanan üstünlikleri, türkmen sportunyň halkara derejesindäki orny dogrusynda belläp geçdiler.

 

 

Ýene-de okaň

Apple’ın kurucu ortaklarından Steve Wozniak, “DREAME NEXT 2026” etkinliğine katıldı

Çin, Türkmenistan’a 300 Megavatlık Güneş enerjisi santrali projesi sunuyor

Türkmenistan, Çin’den 439 milyon dolarlık petrolgaz ekipmanı tedarik ediyor

Azerbaycan ile Türkmenistan arasında ulaştırma ve telekomünikasyon işbirliği görüşüldü

Seyşeller Cumhuriyeti Dışişleri Bakanı’nın Türkmenistan’a ilk resmi ziyareti

Büyükelçi: Azerbaycan ile Türkmenistan stratejik ortaklığı güçlendiriyor