DÜNYA

Gyş çaklamalary

Eger-de ýapragyň ýüzi ýokarlygyna bolsa, gyş maýyl, aşaklygyna bolsa sowuk geler.

Ýygy-ýygydan ümürli howa bolsa, gyş maýyl bolar.

Gyş günlerinde daňdan gündogar tarap gyzarsa, howa sowuk bolýar.                    

Günüň ýaşan tarapy gyzarsa, onda howa gaty maýyl boljakdygynyň alamaty.

Güýzüň ahyrynda çybyn köp bolsa, gyş maýyl geler.

Gije ýere gyraw düşse, ertesi açyk howa bolar.

Meýdanda kerepler gaýmalap ýörse, gyş gurak we sowuk bolar.

Gyşyna aýyň reňki gyzyl reňkde bolsa ertesi gar ýagýar.

 

Baýgeldi ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň meteorologiýa hünäriniň IV ýyl talyby

Related posts

Summit of the Heads of States Council of the CIS held in Ashgabat

vepa

“Açyk gapylar” gününe çagyrýş

vepa

Türkmen ürünleri dünya pazarında

vepa