GENEL

Gut Hakda Bilim :Ilkinji setirler

REHIMDARLARYÑ RAHMANY BEÝIK ALLANYÑ ADY BILEN

 

[1] Alham, şükür, minnet we tükeniksiz öwgüleriň bary kimiňkidir diýip sorasaňyz, ol eziz we jelil bolan Taňrynyňkydyr. [2] Ägirtligiň, ululygyň hakyky eýesi Taňrydyr. Ol bar zady tükel bolan gudraty güýçli patyşadyr. Ýeri, asmany ýaradan, ähli [3] janly-jandarlara yrsgalyny berenem Taňrydyr. Ol nämäni dileg etse, şol hem hasyl bolýandyr, haýsy zat hakynda arzuw etse, onuň hötdesinden gelýändir [4]. Ýefalüllahü ma ýesa we ýahkümü ma ýürid.  Ýene tükeniksiz salam we hormat [5] ilhalar pygamberleriň naýbaşy bolan, külli musulmanlaryň uly wekili Muhammet [6] Mustafa hem-de onuň eziz we gadyrdan egindeşleridir çarýarlaryna bolsun[7]. Rizwanullahi aleýhim ejmain. Bu kitap örän gadyr-gymmatly we tapdyrgysyz bir kitapdyr. Çin [8] hökümdarlarynyň tymsallary bilen bezelendir, maçyn ulemalarynyň şygyrlary [9] bilen saplanyp, eýi ýetirilendir. Bu kitaby okan we onuň beýitlerini diňleýänlere aýdyp [10] bereniň gadyr-gymmaty bu kitapdan has-da ýagşydyr. Çyn-maçyn alymlary we häkimleriniň [11] hemmesi muňa gatnaşyp, ony doly goldapdyrlar. Maşryk welaýatynda, külli Türküstan [12] illerinde Bugra Han dilinde, türkmen sözleýşinde bu kitapdan ýagşyrak heniz [13] başga bir kitap  ýazylmandy. Bu kitap haýsy patyşanyň ýa-da yklymdyr diýaryň [14] ynsanlarynyň eline düşse, labyzlylygy, ajaýyplylygy we nusga alarlylygydyr görklüligi sebäpli, şol [15] illeriň häkimleridir alymlary muny doly makullap, özlerine mahsus kitap hökmünde kabul edip, her biri özüçe atdyr adalga [16] beripdirler. Çinliler “Edebül-mülk” (“Enisül-memalik”) diýen adalgany beripdirler, maçyn mäliginiň häkimleri [17] “Aýinül- ümera” (“Zinetül-ümera”) diýip atlandyrypdyrlar [18], eýranlylar “Şaname-ýi türki” (“Türkleriň şanamasy”) diýip at goýupdyrlar, ýene birnäçeleri bolsa “Pendname-ýi mülük” (“Mälikleriň pentnamasy) [19] diýipdirler. Turanlylar “Kutadgu-bilig” (“Gut hakda petek”) diýip atlandyrypdyrlar. Bu kitaby ýazan [20] Balasagun şäheriniň ilhalar takwasydyr. Emma ol bu kitabyny Kaşgar [21] ilinde tamamlap, Maşryk mäligi Tabgaç Bugra hanyň huzuryna hödürläpdir [22] we mälik Bugra Han-da oňa hormatdyr sylag edip, “Has Hajyplyk” ylmy derejesini bermekligi mynasyp [23] görüpdir. Şol sebäpli onuň ady we şan-şöhrady Ýusup Uly Has Hajyp hökmünde bütin [24] bütin dünýä ýaýrapdyr. Bu gymmatly kitabyň dört sany uly we möhüm sütün esasynda [25] düýbi tutulypdyr. Biri- adyllyk (gönülik), ikinjisi- döwletlilik (gutlulyk), üçünjisi- akyl (üşüklilik), dördünjisi- kanagat (sabyrlylyk) . Ýene [26] ýazyjy bularyň her birine türkmençe bir at hem goýupdyr. Adyla – Gündogdy diýen at goýup [27],  oňa hanyň, soltanyň ornuny beripdir. Döwlete – Aýdoldy diýen at berip, ony weziriň ornunda [28] goýupdyr. Akyla – Ögdülmiş adyny berip, ony weziriň oglunyň ýerine goýupdyr. [29] Kanagata bolsa Odgurmyş diýen at goýup, ony weziriň ýakyn hossary, golaý garyndaşy edip görkezipdir. [30] Mundan başga-da ýazyjy öz pikirdir garaýyşlaryny sorag-jogap görnüşde orta atyp, ony sözleýji-diňleýji esasynda gepleşik usulynda beýan edipdir. [31] Okyjylaryň göwni açylyp, ýazyjyny hemişe ýagşy dilegde ýatlasynlar diýip.

Ýene-de okaň

BM Genel Sekreteri küresel konuları görüşmek üzere Türkmenistan’a geldi

Ata Watan Eserleri

Özbekistan Cumhurbaşkanı Şavkat Mirziyoyev Türkmenistan’ı ziyaret edecek

Esvatini Krallığı Kralı Türkmenistan’a geldi

Ata Watan Eserleri

Nepal Başbakanı Türkmenistan’a gelecek

Kazakistan Cumhurbaşkanı, Türkmenistan’daki BM konferansına katılacak

Türkmenistan, Afganistan’daki Turgundi Limanı’nı geliştirmek için 5 milyon dolar yatırım yapacak