GENEL

Germaniýada sürüjisiz uçýan taksi

Germaniýanyň «Lilium» kompaniýasy bäş orunly uçýan taksi işläp düzdi. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, bu dünýä boýunça ilkinji synagdyr. Çünki mundan ozal käbir kompaniýalar tarapyndan uçýan taksiler işlenip düzülen hem bolsa, olar iki adamdan artyk ýolagçyny alyp bilmeýärdiler. Täze nemes taksisinde bolsa bäş adam howa göterilip biler.

Ýeri gelende aýtsak, täze uçýan taksi synagdan geçirildi. Ýolagçysyz, özüni özi dolandyrýan taksi howa giňişligine endigan galdy we ýere rahat gondy.

Uçýan taksi kuwwatlylygy 36 dona barabar elektrikli hereketlendiriji bilen işleýär. Onuň tizligi sagatda 300 kilometre çenli ýetip biler.

«Biz hemişe orunlaryň sanyny artdyrmagyň üstünde işledik, şeýlelikde, ýolagçylaryň sanyny bäşe çenli çykardyk. Bu bolsa has köp ýolagça belentlige syýahat etmäge we şäheriň dyknyşygynda wagt ýitirmän, barjak ýerine basym barmaga mümkinçilik berer» diýip, «Liliumyň» esaslandyryjylarynyň biri Deniel Wigand gürrüň berýär.

Heniz synaglar tamamlananok. Kompaniýa ähli işleri 2020-nji ýylyň ortalarynda tamamlamagy göz öňünde tutýar. Eger onuň köpçülikleýin önümçiligine rugsat berilse, bu önümçilik bilen «Airbus» we «Uber» kompaniýalary meşgullanar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan, “Green EXPO 2027 Yokohama” uluslararası fuarına katılmayı planlıyor.

Özbekistan-Türkmenistan: tarım işbirliği görüşüldü

Türkmenistan ile İran Dışişleri Bakanları telefonda görüştü

Aşkabat ile Taşkent arasındaki işbirliğini güçlendiriyor

Christopher Wizda:  Dilleri ve Kültürleri Birbirine Bağlamak: Makul Sözlük

Cumhurbaşkanı Serdar Berdimuhamedov ulusal ağaçlandırma kampanyasına katıldı

Ata Watan Eserleri