GENEL

Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek

019-njy ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti» atly halkara tegelek stoly geçirildi.   

Tegelek stoluň işine Türkmenistanyň Energetika, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen birlikde birnäçe pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA), ÝHHG-niň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä bankynyň hünärmenleri gatnaşdylar. 

Gatnaşyjylaryň çykyşlary 2030-njy ýyla çenli Türkmenistan üçin gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüş Meýilnamasynyň işlenilip düzülmegine, ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşiniň mümkinçilikleri hakyndaky hasabatyň döredilmegine, şeýle hem halkara guramalary we donorlary bilen birlikde gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamyndaky taslamalaryň taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gönükdirildi. Şeýle hem çärä gatnaşyjylar GDE-nyň ösdürilmeginiň prosesiniň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň öşdürilmeginiň we oňa hususy pudagyň çekilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegine uly üns berýändigini bellemek zerurdyr. Günüň hem-de ýeliň energiýasyny ulanmak babatynda ýurduň oňyn şertleri bardyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan bu ulgamda halkara guramalary bilen tejribe alyşmak we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. 2018-nji ýylyň oktýabrynda biziň ýurdumyz Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) doly hukukly agzasy boldy.  

Ýene-de okaň

Türkmenistan BDT Dışişleri Bakanları toplantısına katıldı

Türkmenistan’daki Galkınış gaz sahasının dördüncü etabı Çin ortaklığında geliştirilecek

SOCAR Başkanı Rövşan Necef Türkmenistan’daki doğalgaz etkinliklerine katıldı

Türkmenistan ile Çin yapay zeka alanında işbirliği Zaptı imzaladı

Türkmenistan, Çin’e doğalgaz sevkiyatını artırmayı hedefliyor

“Türkmengaz” ve CNPC, “Galkınış” yatağının geliştirilmesinde dördüncü Aşama için sözleşme imzaladı