GENEL

“Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen…”

2-nji maýda türkmen metbugatynyň birnäçe neşirlerine çap bolan şaşka bäsleşigi, ýadyňyzda bolsa, 30-njy aprelde paýtagtymyzdaky Küşt-şaşka mekdebinde geçirilipdi. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda geçirilen bu sport bäsleşigini “Atavatan Türkmenistan” we “Türkmenistan Sport” halkara Žurnallary bilen bilelikde “Makul hyzmat” terjime merkeziniň hemaýatkärliginde gurnaldy. Ol ýaryşa ýüzlerçe Žurnalist gatnaşyp, 3 topardan jemi 9 sany ýeňiji kesgitlendi. Diýseň gyzykly, ýatdan çykmajak pursatlara beslenen bäsleşigiň ahyrky pursatlarynda gatnaşyjylaryň ählisine sowgatlar gowşuryldy. Ine, 2-nji maýda hem şol bäsleşik baradaky maglumatlar ýaryşa gatnaşyp, ähli pursatlaryň içinde bolan habarçylaryň ýazmagynda birnäçe gazetlere neşir edilipdir.

 “Türkmenistan” gazetinde Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Maral Kakabaýewanyň habar bermeginde “Çekeleşikli şaşka ýaryşy” atly makala;

“Нейтральный Туркменистан” gazetinde Zeýnep Agamämmedowanyň ýazmagynda “Ð’ атмосфере творчества” atly makala;

“Nesil” gazetinde Aýşirin Alyýewanyň habar bermeginde “Paýhas oýny ezberleri saýlady” atly makala;

“Aşgabat” gazetinde şol gazetiň habarçysy, ýeňişli orunlary eýelän Oguljennet Paşşykowanyň öz ýazmagynda “Ýeňiş erjele ýaran” atly makala çap boldy.

  

Ýene-de okaň

Esvatini Krallığı Kralı Türkmenistan’a geldi

Ata Watan Eserleri

Nepal Başbakanı Türkmenistan’a gelecek

Kazakistan Cumhurbaşkanı, Türkmenistan’daki BM konferansına katılacak

Türkmenistan, Afganistan’daki Turgundi Limanı’nı geliştirmek için 5 milyon dolar yatırım yapacak

BM’NİN AVAZA FORUMU: Dünyanın dikkati Avaza’da toplanacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ile Azerbaycan ortak hükümetlerarası komisyon toplantısı yapıldı