GENEL

Ermenistan Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Garnik Aleksandrowiç Badalýan bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ermenistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky ynamly gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge niýetlerini we mundan hem beýläk bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmäge taýýardygyny bellediler. Hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady ugruny maslahatlaşyp, taraplar iki ýurduň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň möhümdigini we iki ýurduň işewürler düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini işjeňleşdirmeklige seretmegi ylalaşdylar.

Şeýle hem medeniýet we sport ugurlaryň ösüşine we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmeklige özara gyzyklanma bildirildi.

Ýene-de okaň

Çin, Türkmenistan’a 300 Megavatlık Güneş enerjisi santrali projesi sunuyor

Türkmenistan, Çin’den 439 milyon dolarlık petrolgaz ekipmanı tedarik ediyor

Azerbaycan ile Türkmenistan arasında ulaştırma ve telekomünikasyon işbirliği görüşüldü

Seyşeller Cumhuriyeti Dışişleri Bakanı’nın Türkmenistan’a ilk resmi ziyareti

Büyükelçi: Azerbaycan ile Türkmenistan stratejik ortaklığı güçlendiriyor

Türkmen Atasözleri Barnes & Noble Platformunda Yayımlandı