GENEL

Ene Tebigatynyň Türkmen Teoriýasy

Türkmene “ E N E ” diýseň, süňňi sandyramasa, onda onuň hakyky türkmendigine şübhäm artar. Siziň garaýşyňyzy anyk bilemok, meninki-hä hut şonuň ýaly…

Aslynda, ENE, ägirt uly şahsyýet, üstesine-de ol ägirt uly şahsyýetleri, kaganlary, hanlary, soltanlary doguryp bilýän ýeke-täk şahsyýet.

Bary-ýogy üç harp, ikisi hem meňzeş, öňünden yzyna tarap okasaň-da, yzyndan öňüne tarap okasaň-da üýtgemeýän “ENE” sözüniň “e”-leri ezizligiň, “n”-si bolsa näzikligiň derejeleridir.

Ezizlik bilen näziklik bolsa netije hökmünde adamzadyň nesil merkeziniň sarsmaz sütünini emele getirýär. Allatagala ýeke-täk ýaradandyr, şonuň üçin türkmenler oňa öz ene diline mahsus bolan adalga bilen Biribar hem diýýärler.

Beýik Biribar öz ýaradanlaryndan ynsanogly bilen baglanyşykly Enäniň tebigatyny özboluşly täsinlik bilen bezäpdir. Oňa aýratyn peşgeş eçilipdir. Şol peşgeş dogurmak bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, beýik Biribaryň buýrugy bilen Ene tebigatyna adamzadyň nesil domatyny dolandyrmak ynanylypdyr. Başgaça aýdylanda, oňa enäniň dogrujylyk üstünligi diýmek hem bolar.

Netijede, çak çak bolsa, ene tebigatynyň özboluşly bir teoriýasy bar ýaly bolup dur. Ynha, meniň netijämi diňleseňiz-ä şeýleräk…

 Türkmen eneleri

dogurýar ADAM!

Ýok, asla ýok,

Olar dogurmaz GEDEM!

Gedemiň doguşdan soňuny derňäň,

Ony enä ýöňkäp, hiç gaty görmäň!

Türkmen eneleri

dogurýar SERDAR!

Ýok, asla ýok,

Olar dogurmaz MURDAR!

Murdaryň doguşdan soňuny derňäň,

Gaty görüp, enä ýöňkäbem durmaň!

Eneler dogurýar

beýik SOLTANY!

Ýok,  ýok,

Olar dogurmaz hiç ÝALTANY!

Ýaltanyň doguşdan soňyny derňäň,

Ýaltalygy – enäň ýüzüne urmaň!

Türkmen eneleri

dogurýar BEGI!

Ýok,

Olar hiç dogurmaz GURRUMSAGY!

Gurrumsagyň täleýi ters soňradan,

Ene hemrasy däl, başga hemradan.

Eneler dogurýar

mährem MÄLIGI!

Ýok,ýok,

Dogurmazlar asla LÄLIGI!

Läligiň doguşdan soňuny derňäň,

Lellimligi enelermizden görmäň!

Türkmen eneleri

dogurýar ALYM!

Ynanmaň,

Diýseler dogrupdyr ZALYM!

Zalymyň doguşdan soňuny derňäň,

Mähiri zalyma hiç wagt garmaň.

Enelermiz berer

ERKEK GENINI!

Asla bermez,

BIHEPBÄNI, DÖNÜGI!

Wepasyzy, sözlerinden dänigi,

MAŇYZLYDYR, NOGULLYDYR hemişe,

UÝALYDYR, OGULLYDYR mydama,

Önelgesi – miwe berýän ŞÄNIGI.

ENÄNI-de,

SONANY-da,

ÝEŇŇÄNI-de,

GYNNANY-da

ENE dogurýar ýene,

Meň diýýänim hut şu,

üns beriň şuňa-

TÜRKMEN ENESINIŇ

TEORIÝASY – ine!

Oýlanyp gör, ynanmasaň-

oňlama!

Başgalara mahsus däl,

bu DEŇLEME!

Muňa garşy meniň hiçbir KADAM ýok!

Bütindünýä Erkek Göbeklilerden –

ENÄNI beräýjek birjik  ADAM ýok!

Iň bolman-da  “ Ýekeje –şu! ” diýere

Erkegiň adam ýok!

ERKEK ADAM ýok!

 

Ýene-de okaň

Aile ve Sosyal Hizmetler Bakanı Mahunir Özdemir Göktaş Türkmenistan’da

AB, Trans-Hazar koridorunun geliştirilmesine 10 milyar avro yatırım yapacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ve Tacikistan, kültür alanında işbirliğini görüştü

Avrupa Parlamentosu’nda, Türkmenistan Meclisi’nin organizasyonuyla bir oturum yapıldı

Aşkabat, AB ve Orta Asya ülkelerinin Dışişleri Bakanları’nın 20. toplantısına ev sahipliği yaptı

Avrupa Komisyonu Başkan Yardımcısı Kaja Kallas Türkmenistan’ı ziyaret etti

Ata Watan Eserleri