GENEL

Ýene 8 ýyldan Hindistan…

BMG Ýer ýüzüniň ilat sany barada 18-nji iýunda beren maglumatynda aýdylyşy ýaly, biziň sanymyz öňdäki 30 ýylyň dowamynda ýene 2 milliard adam köpelip, 9,7 milliarda ýetmegimiz mümkin. Asyryň ahyryna çenli bolsa Ýer ýüzünde 11 milliard adam ýaşar.

Soňky ýyllarda ynsan ömrüniň barha uzamagy we çagalaryň ozalkysyna görä az dogulmagy adamzat toplumynda garramak hadysasyny ýüze çykarýar. Has takygy, dünýäniň ýaşaýjylarynyň aglaba bölegini uly ýaşlylar emele getirýär. Mysal üçin, 1990-njy ýylda her ene ortaça 3,2 çagany dünýä getirýärdi. Häzir bolsa bu görkeziji 2,5-e düşdi. 2050-nji ýyla çenli ýene azalyp, 2,2-ä gelmegine garaşylýar.

Muňa garamazdan, dünýädeşlerimiziň sany barha artmak bilen. Bu artyş käbir döwletlerde has güýçlüdir. Demografik çaklamalaryň görkezmegine görä, 2050-nji ýylda dünýäniň ilatynyň ýarysy şu 9 döwletde ýaşaýar: Hindistan, Nigeriýa, Pakistan, Kongo, Efiopiýa, Tanzaniýa, Indoneziýa, Müsür we ABŞ.

Takmynan, 2027-nji ýylda Hindistanyň ilatynyň sany Hytaýyňkydan öňe geçer.

Ýene-de okaň

Türkmenistan ile İran Dışişleri Bakanı telefonda görüştü

Türkmenistan Büyükelçisi, TOBB Başkanı ile bir araya geldi

Türkmenistan heyeti Bakü’de düzenlenecek 13. Dünya Şehirler Forumu’na katılacak

Türkmenistan, Ahalteke Atlarını Taşkent’teki Dünya Şampiyonası’nda tanıtacak

Türkmen Atları Windsor Kraliyet At Oyunları’na katılacak

Türkmen halkının Milli Lideri “Rusya – İslam Dünyası: KazanForum” forumuna katılacak