GENEL

Ekizleriň rekord synanyşygy

Günorta Aziýada ýerleşýän Şri-Lankada ekizleriň rekord synanyşygy geçirildi. Bu ýurtda ekizleri bir ýere jemläp, ekizleriň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek synanyşygy amala aşyryldy. Ýöne bu synanyşyga has köp ekizler gelendigi üçin kynçylyk döretdi.

Şri-Lankada 14 müň ekiz hasaba alyndy. Isleg bildiren ekizler ýurduň paýtagty Kolombo şäherindäki stadiona çagyryldy. Bu ýere Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri hem geldi.

Guramaçylar 5 müň ekizleri bir ýere jemlemegi meýilleşdirdi. Bu ugurdaky rekord 1999-njy ýylda amala aşyrylypdy. Şonda Taýwanda 4 müň ekiz bir ýere jemlenipdi.

Şri-Lankadaky rekord synanyşygyna has köp ekiz gelmegi rekordyň täzelenmegine kynçylyk döredip biler. Ekizleri hasaba almak işi uzaga çekýändigi mälim edilipdir.

Related posts

Avrupa Komisyonu Başkan Yardımcısı Türkmenistan’ı ziyaret edecek

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan, Tacikistanlı yetkilinin açıklamasını etik bulmadı

vepa

Türkmenistan Kırgızistan’a elektrik ihracatını arttırdı