GENEL

Ekizleriň arasy iki aý

Gazagystanyň Uralsk şäherinde täsin bir ýagdaý ýüze çykdy. Bu şäheriň ýaşaýjysy Liliýa Konowalowanyň ekiz perzentleri dünýä indi. Ýöne wakanyň täsin tarapy, ekizleriň doglan günleriniň arasynda 2 aý 16 günlük tapawut bar.

29 ýaşly enäniň ilkinji perzendi ― Liýa 24-nji maý güni doguldy. Onuň ikinji perzendi ― ogly Maksim bolsa 9-njy awgustda doguldy.

Lukmanlar bu ýagdaýy enäniň saglygy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne meseläniň täsin tarapy, ekizleriň arasynda iki aýyň bardygyna garamazdan, olaryň ikisi hem sagdyn. Diňe Liýa garaşylanyndan ýeňil agramda doguldy. Sähelçe wagtlyk lukman kömeginden soňra onuň saglygy we ösüşi kadaly ýagdaýa geldi.

Gazagystanyň taryhynda beýle ýagdaýa ilkinji gezek gabat gelinýär.

Related posts

Türkmenistan ağaçlandırma kampanyasına hazırlanıyor

Demiryol ve Karayolu Köprüsü ve Havalimanı İnşa Edilmektedir

vepa

Türkmenistan Devlet Başkanı ŞİÖ Üye Devletleri Devlet Başkanları Konseyi’ne katıldı