|
V |
Yeti Yulduz On İki Ükekni Ayur |
5.ÝEDI ÝYLDYZ WE ON IKI ÜKEGI BEÝAN EDER |
|
124 |
Bayat atı birle sözüg başladım, |
124. Baýat ady bilen başladym sözi, Ýaradan, ýöreden, geçirimli özi. |
|
125 |
Törütti tilek teg tüzü âlemığ, |
125.Döretdi dileg dek düzdi älemi, Dünýä aýdyň etdi Aý bilen Güni. |
|
126 |
Yarattı kör evren tuçı evrilür, |
126.Ýaratdy pelegi gör durman dönýär, Bütin jahan şonuň bilen dolanýar. |
|
127 |
Yaşıl kök yarattı öze yulduzı, |
127.Ýaşyl gök ýaratdy, ýüzünde ýyldyz, Gara tün döretdi, aýdyňy – gündiz. |
|
128 |
Bu kökteki yulduz bir ança bezek, |
128.Bu gökdäki ýyldyz giden bir bezek, Käsi ýolbeletlik, ýa ondan uzak. |
|
129 |
Bir ança yarutmış halâyıkka ol, |
129.Birnäçesi aýdyň halaýyga ol, Käsi ýola belet, tapar ýitse ýol. |
|
130 |
Kayusı örürek kayusı kodı, |
130.Ýyldyzlaryň käsi beýik, käsi pes, Käsi öçük, birnäçesi aýdyň has. |
|
131 |
Bularda eÅ‹ üstün sekentir yorır, |
131.Olaň iň üstünde Sekentir bolar, Iki ýyl, sekiz aý bir öýde galar. |
|
132 |
AnıÅ‹da basa boldı ikinç oÅ‹ay, |
132.Ondan basa ikinji Oňaý bolar, Bir öýde hemişe on iki aý galar. |
|
133 |
Üçünçi kürüd keldi köksün yorır, |
133.Üçünji Gurut geldi göwsün gerer, Nirä baksa, şonda ýaşarmış gurar. |
|
134 |
Yaşık boldı törtinç yaruttı ajun, |
134. Dördünji Ýaşyk boldy, aýdyň gözi, Ýakyşsa ýagtylyk, bakyşsa özi. |
|
135 |
Sevüg yüz urundı beşinçi sevit, |
135.Bäşinjisi Söwit, görkez gül ýüzüň, Ýylgyryp bakaýsa, ýitirme özüň. |
|
136 |
Basa keldi ârzû tilek ârzûlar, |
136.Basa geldi Arzuw, dileg-arzuwlar, Nirä ýanaşaýsa, ol hasyl bolar. |
|
137 |
Bularda eÅ‹ altın bu yalçık yorır, |
137.Bularyň astynda bu Ýalçyk ýörer, Ýaşyga bakaýsa, dolanaý bolar. |
|
138 |
On iki ükek ol bularda adın, |
138.Bulardan başga-da on iki tapgyr bar, Käbiri iki öýli, käbiri hem bir. |
|
139 |
Kozı yazkı yulduz basa ud kelir, |
139.Guzy ýazky ýyldyz, basa Öküzçe, Erentir Kuçyk bile ýörer sanja. |
|
140 |
Kür arslan bile koşnı buğday başı, |
140.Gör, Arslana goňşy Bugdaýyň başy, Basa Ülgi boldy, Çaýan deň-duşy. |
|
141 |
Basa keldi oğlak könek hem balık, |
141.Basa geldi Owlak, Könek hem Balyk, Bular dogsa, aýdyňlanar, gör Galyk. |
|
142 |
Üçi yazkı yulduz üçi yaykı bil, |
142.Üçi ýazky ýyldyz, üçi ýaýky bil, Üçi güýzki ýyldyz, üçi gyşky bil. |
|
143 |
Üçi ot üçi suv üçi boldı yel, |
143.Üçi – ot, üçi – suw, üçi boldy ýel, Üçi boldy toprak, dünýä boldy il. |
|
144 |
Bularda birisi biriÅ‹e yağı, |
144.Bularyň birisi beýlekä ýagy, Ýaga ýagy çykdy kesildi çogy. |
|
145 |
Karışmaz yağılar yaraştı için, |
145.Garyşmaz ýagylar ýaraşdy içgin, Görüşmez ýagylar göterdi öjün. |
|
146 |
İtigli bayatım ite berdi öz, |
146.Iteren Baýadym, itiberdi öz, Düzdi, itiberdi, ýaraşdyrdy düz. |
|
147 |
Basa aydım emdi munu yalÅ‹ukuğ, |
147.Mundan soňra sözüm ynsan hakynda, Agyrlygy – bilim, üşük, akylda. |
