GENEL

Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi

2019-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ýurtda DÖM-nyň durmuşa geçirilmegi boýunça Türkmenistanyň Meýletin Milli Syny (MMS) bilen tanyş boldular, ol şu ýylyň iýulynda Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumyň çäklerinde halkara jemgyýetçiligine görkezildi.

Duşuşykda çykyş eden BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa Türkmenistanyň Hökümetini ýurtda DÖM-nyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilip amala aşyrylan netijeli işler bilen gutlady we MMS-yň Birleşen Milletler Guramasynyň köpsanly gatnaşyjy-döwletleri tarapyndan ýokary baha eýe bolandygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Hökümetiniň bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, ekologiýanyň hemmetaraplaýyn goraglylygyna we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen işleri bilen bir hatarda 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň esasy düzüjilerini milli maksatnamalaryna yzygiderli esasda ornaşdyrýandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. 

Ýene-de okaň

Aşkabat – Avaza güzergahında düzenli otobüs seferleri başlıyor

Türkmenistan “Tayvan’ın bağımsızlığı”nın her türlü biçimine karşı çıkmaktadır

İrfan Ali: Aşkabat’ta yakın zamanda UN-Habitat ofisi açılabilir

WUF13:Türkmenistan ile Azerbaycan ekonomik işbirliğini görüştü

Orazov: Bakü’deki WUF13 zirvesinde Arkadağ şehrini tanıttı

Türkmenistan, Hazar’ın tabanından geçecek enerji kablosu projesine katılım olasılığını inceliyor