DÜNYA

Dünýäniň iň beýik nokady satuwa çykaryldy

Dünýäniň iň beýik binasynyň iň ýokary gatynda ýerleşýän synlaýyş meýdançasy satuwa çykaryldy. Dünýäniň iň beýik nokady satuwa çykaryldyDubaý şäherindäki beýikligi 828 metrlik “Burj Halifa” binasynyň synlaýyş meýdançasy üçin 1 milliard dollar baha kesgitlendi.

Häzirki wagtda dünýäniň iň beýik binasy hasaplanýan “Burj Halifa” binasynyň synlaýyş meýdançasyny BAE-niň gozgalmaýan emläk bazarynda işleýän “Emaar Properties” şereketi satuwa çykardy. Bu synlaýyş meýdançasy her ýyl 16 million syýahatçy kabul edýär we girdejisi 190 million dollara deňdir.

160 gatdan ybarat bolan “Burj Halifa” binasy 2010-njy ýyldan bäri dünýäniň iň beýik binasy diýen rekordy eýeläp gelýär.

Related posts

Türkmenistan’da Anayasa ve Bayrak Günü kutlandı

vepa

Hindistan her sene 94 milyar m3 doğal gaz ithal edecek

vepa

Türkmen Halısının Bayramı kutlandı

vepa