GENEL

Dünýädäki iň gymmat surat göçürme bolup biler

Leonardo da Winçiniň mundan iki ýyl ozal 450 million dollara satylan «Dünýäniň halasgäri» atly eseri, aslynda, asyl nusgasy däl-de, göçürme bolup biler. Henize çenli dünýäniň iň gymmat surat eseri hökmünde bellige alnan bu eser baradaky habar «New York Post» neşirinde okyjylara ýetirildi. Eger bu habarda esas bar bolsa, onda eseri satan tarap alyja puluň uly bölegini yzyna gaýdyp bermeli bolar. Çünki eseriň göçürme nusgalarynyň bahasy 1 müň 200 dollardan gymmat däl.

Neşir bu çaklamany senetkär Ben Lýuisiň aýdanlaryna esaslanyp öňe sürýär. Onuň aýmagyna görä, surat satylan wagty Londonyň milli galareýasy alyjydan hakykaty gizlän bolmaly. Suraty bolsa Saud Arabystany Patyşalygynyň şazadasy Muhammad bin Salman satyn alypdyr.

Ýene-de okaň

ABD Dışişleri Bakan Yardımcısı Türkmenistan’da

Taşkent’te C5+1 formatında Orta Asya ve ABD Kültür Bakanları toplantısı gerçekleşti

Cenevre’de Orta Asya ülkeleri Sendikaları Başkanları toplantısı gerçekleşti

Türkmenistan’da Azerbaycan Kültür Günleri kapsamında konser düzenlendi

Cumhurbaşkanı Serdar Berdimuhamedov, Azerbaycan Kültür Bakanı Adil Kerimli’yi kabul etti

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Azerbaycan Kültür Bakanı ile görüştü