GENEL

«Disney» rekordy täzeledi

ABŞ-nyň «The Walt Disney» kompaniýasy kassa ýygymlary boýunça dünýä rekordyny täzeledi.

«Variety» neşiriniň ýazmagyna görä, kompaniýanyň filmleri şu ýyl kassalar arkaly 7,67 milliard dollar gazandy. Şeýlelikde, kompaniýa özüniň 2016-njy ýyldaky rekordyny täzeledi. Şol ýyl «Disney» 7,61 milliar dollarlyk girdeji gazanypdy.

Iň köp girdeji getiren filmleriň hatarynda «Kasasgärler: Ar alyş» (2,79 milliard), «Kapitan Marwel» (1,1 milliard), «Alaeddin» (1 milliard) we «Karol Şir» (962 million) filmlerini görkezip bolar.

Kompaniýa şu ýylyň ahyryna çenli «Buz ýürek 2», «Malefisenta: Zulmat hökümdary» we «Özara uruşlar: Skaýuoker. Günüň doguşy» ýaly filmleri hem tomaşaçylara ýetirmegi maksat edinýär.

Ýeri gelende aýtsak, «Kasasgärler: Ar alyş» «Awataryň» birnäçe ýyllap saklap gelýän rekordyny täzeläpdi.

Related posts

Türkmenistan’da 1.574 megavatlık kombine çevrim elektrik santrali inşa edilecek

Türkmen Lider, Uluslararası Sambo Federasyonu Başkanı ile görüştü

vepa

National Strategy of Turkmenistan on Climate Change

vepa