GENEL

Diş üçin iň zyýanly içgi…

Şekeriň ornuny tutýan ksilit, eritrit, stewiýa ýaly maddalar dişleriň zaýalanmagyna sebäp bolup bilýän eken. Bu barada «International Journal of Environment and Health» Žurnaly ýazýar. Galyberse-de, muny Polşanyň Warşawa lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren synaglary, tejribeleri hem tassyklady.

Awstraliýanyň Melburn uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmagyna görä, düzüminde limon we fosfor kislotasy bolan içgiler dişiň etini 30-dan 50 göterime çenli ýumşadýar. Özi hem olaryň şekerli ýa-da şekersiz görnüşleri dişe şol bir täsiri ýetirýär.

Bu habary okap, «Diýmek, bu içgilerden saklanmalymy?» diýen sowal öz-özünden ýüze çykmagy mümkin. Lukmanlar düzüminde şeýle önümler bolan içgilerden soň hökman dişi gowy edip ýuwmagy we agzyňyzy birnäçe gezek çaýkamagy maslahat berýär.

Related posts

Iň gymmat 10 brend

vepa

Türkmen halkının Millî Lideri Rustam Minnihanov ile görüştü

Türkmenistan Devlet Başkanı ‘Orta Asya-Çin’ Liderler Zirvesi’ne katıldı